Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzda hem oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, tarp ýerleri özleşdirmekde, ekinleriň idegi döwründe hem-de hasyl ýygymynda innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda uly ösüşlere eýe bolundy. Welaýatda geçen 30 ýylyň dowamynda pagtaçylyk, gallaçylyk, tohumçylyk, maldarçylyk pudaklaryny rowaçlandyrmakda, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde amala aşyrylan işleri seriňde aýlanyňda, bu babatda taryhy ähmiýetli möhüm ädimleriň ädilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Aýratyn hem, welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän tohumlarynyň täzeden-täze görnüşlerini döretmekde alymlarymyz tarapyndan bitirilen işler buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle gözlegli işler welaýatymyzyň ekerançy alymlary üçin hem häsiýetlidir. Bu işlere welaýatymyzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşýandygyny buýsanç bilen bellemek bolar.
Bilşimiz ýaly, welaýatymyz ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýär. Häzirki döwürde welaýatymyz şäherleriň ikisini, etraplaryň bolsa dokuzysyny özüne birleşdirýär. Bularda her ýylda pagtanyň, gallanyň, gök we bakja önümleriniň bereketli hasyly kemala getirilýär. Munuň özi barha rowaçlyga beslenýän maldarçylyk pudagy babatda-da şeýledir. Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde, welaýatyň bu pudaklary yzygiderli ösdürilýär, tehnikalaryň, oba hojalyk gurallarynyň täze tapgyrlary gelip gowuşýar. Telematik usulda uzak aralykdan dolandyrylýan ekiji we ýygyjy kombaýnlar önümçilige giňden ornaşdyrylýar.