"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Garaşsyzlygyň ilkinji buşlukçysy!

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Ata Watan. Bu jümle her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alan diýseň uly baýlyk. Islendik ülkede bolsaň-da özüňki ýalysy tapdyrmaz. Munda doglan adam munda gitmegiň arzuwynda. Şahyr gursagynyň iň eziz ýeriniň eýesi Watanynyň agysyna aglap, gülküsine gülen adamdyr. Şeýle şahyr ýürekli ynsanlaryň biri 1991-nji ýylyň güýzünde türkmeniň bagty bolup dogan kuýaşyň ilkinji buşlukçysy. Ol — Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew. Şahyryň güýz paslynda ýazan «Garaşsyz» atly goşgusy biziň şanly Garaşsyzlygymyz hakynda kagyza geçirilen ilkinji şygyrlaryň biri hasaplanýar. Bu şol wagt baýramçylyk üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolupdyr. Häzir bolsa Atamyrat aganyň şol şygry aýdym bolup ýaňlanýar.

Adyň asyrlara uzasyn Watan!

Watandaşlarymyz baş baýramymyzy mübärekläp, ýürek buýsançlaryny beýan edýärler «7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021.

Döwlet münberiniň toplumy

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda açyldy.

Sport dünýäsi

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. «KAÝRAT» Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji ýeňşini gazandy

Üstünlige uzan ýollar

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty hem-de sport pudagynda amala aşyrylan düýpli özgerişlikleriň netijesinde Türk-menistanda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäginde  ýurdumyzda olimpiýa ätiýaçlygyny ösdürmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Goşa üstünlik

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Türkmenistanly türgenler beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda dünýä çempi-onatynyň altyn medalyny, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandylar

Diňe futbol hakynda

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Futbol ýyldyzlarynyň interwýularyndan, metbugat hem-de internet sahypalaryndan alnan bu jümleleri toplamagymyň ýeke-täk sebäbi — futboly SÖÝÝÄN. Şonuň üçin käbirleriniň sadarak, käsiniň gönümeldigini hasaba almazlygyňyzy isleýärin!

Aşgabatdaky sport baýramyndan söhbet açýan 7 maglumat

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Türkmenistan 2017-nji ýylda Merkezi Aziýada ilkinji gezek Aziýa oýunlaryny kabul etmek hukugyna eýe boldy.

Owadan otuz nähili döredi?

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021.         Işjeň awtorymyz Merdan Baýat žurnalist Rejep Pirjanow bilen ýakyndan gatnaşyk saklandygyny, döredijilik barada pikirini sorap, ýanyna baryp-gelip durandygyny kän gürrüň beripdi. Ine, şeýle günleriň birinde telefonyma «sms» arkaly «Owadan otuz» diýen jümle gelip gowuşdy. Merdan, adatça bolşy ýaly, ünsi çekjek bir sözbaşy ýa pikir tapsa, hökman paýlaşýar. Eger özi ýazmasa, kimiň şol pikiri has oňat açyp biljekdigini aýdýar.

Dil baýlygy — il baýlygy.

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. DIL DÖWLETDIR

Arkadagyň nusgawy watançylyk sapagy

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji säherinde hormatly  Prezidentimiz ýaş nesliň hakydasynda müdimi orun aljak taryhy duşuşygy geçirip, özüniň gymmatly pikirlerini paýlaşdy, ýaş nesle öwüt-nesihatlaryny berdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagy diňe bir mekdep okuwçylary ýa talyplar üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin möhüm ähmiýetli taryhy waka öwrüldi.

Saglyk – baýlyk

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Häzirki wagtda güýz pasly dowam edýär. Jöwzaly tomsuň öz ornuny salkyn güýze beren häzirki günlerinde howa çalyşýandygyny göz öňünde tutup, saglygymyzy goramak üçin lukmanlaryň maslahatlarynyň käbirlerini size ýetirýäris.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021.   Milli Liderimiziň baştutanlygynda her ýylyň sentýabr  aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda  ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny hemişe we hemme ýerde berk berjaý etmek barada wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Milli mirasa sarpa

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Ynsan ogly gözellikden doýmaýar. Ony otlary parç bolup duran sonarlyk meýdanda, jümjümeli, çigildemli baýyrlar-da, edil şol «keteni geýen sähralar ýaly» türkmen el halysy hem özüne kökerýär. Türkmenistanyň owadan tebigatyna çykyp, gezelenç etmek, guş-gumrularyň, dal-daragtlaryň, dag çeşmesiniň sesini diňlemek bolsa ýaş kalplary owazlandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň heýkeli

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metr bolan äpet heýkeli gurulýar. Bu heýkel baradaky habary Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby Eziz Gazakow teswirläpdir.

Aşgabadyň seýilgähleri

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. «YLHAM SEÝILGÄHINE» WIRTUAL SYÝAHAT

Waspy sözlere sygmaýan pursatlar

«7/24.tm», № 38 (69), 20.09.2021.  Žurnalistleriň her bir senäni haýsydyr bir wakalar bilen baglajak bolmak edähedi bar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi bellenilende, indi bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bosagasynda sanlar bilen baglanyşdyrylýan çykyşlara gabat gelensiňiz. Bu tebigy endik. Çünki toý-tomaşaly günlerde ykbalyňdaky iň şatlykly pursatlar hakyda dolýar. Onsoň olary nädip ýatlamajak?!

Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Aşgabat şäheri

«7/24.tm», № 38 (69), 20.09.2021. Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hünärmeni Enejan Nurjanowanyň iberen makalasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünliklerden söhbet açylýar. Şol sepgitleriň eýelenmeginde türkmen paýtagtynda hereket edýän sport mekdepleriniň we desgalarynyň hünärmenleriniň hem-de türgenleriniňdir tälimçileriniň mynasyp paýy bardyr. Şonuň üçin hem şu günler baş baýrama taýýarlyk işleri uly joşgun bilen alnyp barylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy: Ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar

«7/24.tm», № 38 (69), 20.09.2021.  Ýurdumyz Garaşsyzlyk alanyndan soňra geçen 30 ýyla barabar taryhy döwürde türkmen sportunyň halkara derejesinde barha belent sepgitleri eýelemegi Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän syýasatda halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň ygtybarly serişdesi bolan sportuň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Bu babatda milli Liderimiziň hut özüniň dünýä sport giňişliginde iňňän möhüm ähmiýete eýe bolan başlangyçlary öňe sürýändigi hem-de olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy buýsançly ýagdaýdyr.

Ýa garyp sen, ýa garyby görüp sen...

«7/24.tm», № 38 (69),  20.09.2021. Ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Ömür kerweni» powesti şeýleräk jümle bilen jemlenýär: «Iki atdaş ara bir ömri goýup, wagtlaýynça hoşlaşdylar».