Owadan otuz nähili döredi?

27 Sentýabr 2021
1037

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021.

        Işjeň awtorymyz Merdan Baýat žurnalist Rejep Pirjanow bilen ýakyndan gatnaşyk saklandygyny, döredijilik barada pikirini sorap, ýanyna baryp-gelip durandygyny kän gürrüň beripdi. Ine, şeýle günleriň birinde telefonyma «sms» arkaly «Owadan otuz» diýen jümle gelip gowuşdy. Merdan, adatça bolşy ýaly, ünsi çekjek bir sözbaşy ýa pikir tapsa, hökman paýlaşýar. Eger özi ýazmasa, kimiň şol pikiri has oňat açyp biljekdigini aýdýar.

H.APBAÝEW.