Garaşsyzlygyň ilkinji buşlukçysy!

27 Sentýabr 2021
1427

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021.

Ata Watan. Bu jümle her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alan diýseň uly baýlyk. Islendik ülkede bolsaň-da özüňki ýalysy tapdyrmaz. Munda doglan adam munda gitmegiň arzuwynda. Şahyr gursagynyň iň eziz ýeriniň eýesi Watanynyň agysyna aglap, gülküsine gülen adamdyr. Şeýle şahyr ýürekli ynsanlaryň biri 1991-nji ýylyň güýzünde türkmeniň bagty bolup dogan kuýaşyň ilkinji buşlukçysy. Ol — Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew. Şahyryň güýz paslynda ýazan «Garaşsyz» atly goşgusy biziň şanly Garaşsyzlygymyz hakynda kagyza geçirilen ilkinji şygyrlaryň biri hasaplanýar. Bu şol wagt baýramçylyk üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolupdyr. Häzir bolsa Atamyrat aganyň şol şygry aýdym bolup ýaňlanýar.

Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.