"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Amsterdamly «aristokrat»

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021.  Häzirki wagtda futbolyň gyzykly dünýäsi janköýerleriň milliardlarçasyny özüne bendi edýär. Adamlaryň häsiýetleri boýunça hil-hil bolşy ýaly, janköýerler hem öz arasynda tapawutlanýar. Emma olaryň hemmesini birleşdirýän bir umumylyk bar. Bu hem futbola bolan söýgi. Bu söýginiň aňyrsynda bolsa her kimiň janköýerlik edýän topary ýa-da milli ýygyndysy, ýa-da bolmasa, Hakim Ziýeş ýaly başarjaň futbolçylar ýatandyr.

Sport dünýäsi

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Gazagystanyň milli ýygyndysy Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çägindäki 8-nji oýunda Finlýandiýadan (0: 2) utuldy. Şeýlelikde, Talgat Baýsufinowyň tälim berýänleri bassyr 14-nji gezek ýeňiş gazanyp bilmediler.

Ähli döwürleriň meşhur oýny

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. DÜZZÜM

Saglyk täji

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021.  Her bir paslyň özüniň aýratyn öwüşgini bolşy ýaly, howasy-da üýtgeşikdir. Güýz paslynda howa salkyn bolup, soňky aýlarynda has-da sowap başlaýar. Lukmanlar bu pasylda kesellemezlik üçin birnäçe maslahatlary berýärler. Biz hem şolaryň käbirlerini siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Sport žurnalistikasy

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. (Başlangyjy geçen sanlarymyzda)

Gözleri gözlegli ýaş şahyr

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Göwün çeşmäň dury bolup, gözlegiň näziklik, ynsan aňyny gözellige maýyl edýän setirler ýa-da pikirler bolsa, onda senem döredýän adamlaryň eli galamly ýolundan barýansyň. Ol ýolda bolsa ilki bilen özüňi gözlemeli. Metbugatda ilkinji goşgulary bilen çykyş edip başlan günlerinden Aýjahan Annabaýewa şeýle maksadynyň bardygyny halka, halypa ýazyjylara, öz okyjylaryna äşgär etdi. Ony şahyr gyzyň:

Edebiýat we durmuş

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. MENIŇ ULY BAGTYM TÜRKMENLIGIMDIR

Nobel baýragy-2021

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Oktýabr aýynyň gelmegi bilen dünýä meşhur Nobel baýragynyň 2021-nji ýyl boýunça gowşurylyş möwsümi öz işine başlady. Bu ýylky dabaralaryň sanly ulgam arkaly we fiziki wakalaryň jümmüşinde geçiriljekdigi mälim boldy. Guramanyň habaryna görä, baýraga mynasyp bolanlar dekabr aýynda öz ýurtlarynda Nobel baýragyny we diplomlaryny ellerine alarlar. Nobel baýragynyň 120-nji hepdeligi oktýabr aýynyň 4-11-i aralygynda geçirildi. 

Welaýatlardan gowşan habarlar

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. AHAL WELAÝATY

Hatly bukjalar habar berýär

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021.  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we TDP-niň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň 14-nji orta mekdebinde geçirilen duşuşyga okuwçylar we mugallymlar gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlar arassaçylyk işlerini dogry berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini dakynmak, 2 metr araçägi saklamak barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Diýarymyzyň gözel künjeklerine syýahat

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Dünýäniň ajaýyp künjekleriniň aýratynlyklary, olaryň gözellikleri hakynda gürrüň berýän makalalary okap, wideo görnüşleri synlap, biziň ýurdumyzda hem täsin ýerleriň kändigi hakynda oýlanýarsyň. Ata Watanymyzyň haýsy welaýatyna barsaňam biri beýlekisinden täsin görnüşleri synlamak bolýar. Şu gün okyjylarymyzdan gelen hatlar arkaly şol gözelliklerden söhbet açýan makalalary hödürleýäris.

Ykdysadyýet we sanly ulgam

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebaplaşdyrylmagy, ýagny käbir ýokary okuw mekdepleriniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi döwrüň talabydyr.

«Garaşsyzlyk – bagtymyz»

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. TÜRKMENIŇ BAGTY   

Dünýäň çar künjüne ýaýrandyr türkmen

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan ýurdumyzyň bu günki günde alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty dünýä ýüzünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň 4-5-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna bolan resmi sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

«EKSPO-2020»: Bütindünýä sergisi dowam edýär

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021.   2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi.

Sport dünýäsi

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sport babatda hem durnukly ösdürilýänligi özara hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginden habar berýär. Dürli ýyllarda türkmen türgenleriniň Özbegistanda, özbegistanly sport hünärmenleriniň Türkmenistanda üstünlikli işländikleri sport babatdaky hyzmatdaşlygyň baý taryhynyň bardygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparyna gabatlap, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy janköýerleriň pikirini öwrenip, Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan mysaly ýygyndy düzdi.

Garaşsyzlyk we sport

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyk — bagtymyz»  atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan edebi eseriň tanyşdyrylyş dabarasyna ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport muzeýine syýahat etdiler.

Ezber oýunçynyň agtygy

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Türkmençilikde kesbiň atadan ogla geçýändigi hakynda bir söz bar. Bu sözüň asyrlaryň dowamynda subut edilip gelnen durmuş hakykatyna esaslanýandygyna her bir pursatda göz ýetirip gelýäris. Dünýäde millionlarça, hatda milliardlarça adamyň janköýerlik edýän futbol äleminiň «birmingemli ýyldyzy» üçin bu aýtgyny «Garry atanyň kesbi çowlugy üçin halal» diýip üýtgetsek ýerlikli bolsa gerek. Çünki, «Mançester Sitiniň» iňlis futboly üçin rekord hasaplanylýan baha transfer eden ýyldyzy Jek Griliş muňa esas berýär.

Saglygym – baýlygym

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. LUKMANLARYŇ HÜNÄR BAÝRAMY

Welaýatlardan gowşan habarlar

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021.  AHAL WELAÝATY