Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy: Ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar

20 Sentýabr 2021
641

«7/24.tm», № 38 (69), 20.09.2021.

 Ýurdumyz Garaşsyzlyk alanyndan soňra geçen 30 ýyla barabar taryhy döwürde türkmen sportunyň halkara derejesinde barha belent sepgitleri eýelemegi Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän syýasatda halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň ygtybarly serişdesi bolan sportuň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Bu babatda milli Liderimiziň hut özüniň dünýä sport giňişliginde iňňän möhüm ähmiýete eýe bolan başlangyçlary öňe sürýändigi hem-de olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy buýsançly ýagdaýdyr.