"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Amanat

Aýalynyň eden işine telek diýmeýän adamsy şu gezek gatyrgandy. Ýogsa çärýek asyrdan bäri bileje bir ýassyga baş goýup ýören bolsa-da, öz maşgalasyna «aňry otur» diýmedik adamdy ol. Ýumşak, öz gününe şükür kylyp, güzeranyň ugrunda gezip ýören, işjanly diýleni. Gepiň külesi, günorta uçurlary aýalynyň jigisi gelipdir-de, iki köçe gaýradaky bir işdeşiniň sadakasyna görünmek üçin, uýasyna dileg salypdyr. On bäş gün geçen bolsa-da, zadynyň entek gelmändigine göz ýetiren adamsy aýalyna gatyrganybrak diýdi: — Eneň-ataň jigiňe terbiýe berende, ilden alan zadyňy yzyna bermeli diýip öwredendirem welin...

Bedew atyň ýanynda

Gözleriňe ýaman gözler bakmasyn, Türkmeniň adyny haklan bedewim. Il götermez saňa beren syrymy,Syrymy syr saýyp saklan bedewim. Çarpaýa galaňda galkynsyn jahan,Sen meniň ýakynym, bolsa-da haçan,Hakyky dost däldir, kyn günde gaçan,Derdimi gözümden çaklan bedewim.

Ynan

Säher turup, salam berip Güneşe,Başlan haýyr işiň bitjegne ynan.Durmuş — göreş, ynamly çyk göreşe,Tutan maksadyňa ýetjegňe ynan. Bu durmuşdyr, bar gaýtgyny, daşgyny,Sabyrla bagyş eder herhal yşkyny,Kalba dolsa hak ylhamy, joşguny,Kynçylygyň sowlup ýitjegne ynan.

Bagtyň açary özüňde

Özüni tanamaýan adam bagtly bolup bilermi? Megerem, ýok! Çünki özümizi tanamak, bizi hakykatdanam bagta eltjek esasy ýoldur. Ilki bilen, her kim öz ýüregini diňläp, bu sowala çynlakaý jogap berip bilmegi başarmaly. Sebäbi biz hut özümizi tanamak bilen, şahsyýetimiz hakda belli bir derejede täze açyş edip bileris. Özüňi tanamak üçin bolsa, esasan, aşakdaky şertleri berjaý etmek gerek. Şahsyýetiňi tanamak

Käbäm

Gujagyň jennete deňdir,Sen mähriban käbäm meniň.Başym sypan elleň emdir,Sen mähriban käbäm meniň. Gülüp baksaň alaýazdyr,Göwnüm şonda aýdym-sazdyr,Näçe wasp etsem hem azdyr,Sen mähriban käbäm meniň.

Dana sözlere uýsaň...

Ýeri gelende käbir zatlar üçin janyňy pida etmek bolar, emma namysyňy hiç zada pida etmek bolmaz. Sebäbi namys jandan hem gymmatlydyr. ***

Ugratmak

Al şapagy ýapragyna çaýypdyr, Miwesin bireýýäm seçelän erik.

Hemra wäşiniň degişmeleri

HAÇAN MYHMAN GELÝÄR? Hemralara myhman gelip gidenden soň, bir hepde geçip--geçmänkä ogly:

Tymsallar

Pile we kebelek Bir adam bir pilä gabat geldi. Ol piläniň içinden kebelegiň çykjak bolup durandygyny aňdy we ony synlamak isledi. Ol birnäçe sagatlap kebelegiň pileden çykmaga synanyşýandygyny synlady. Ony synlamak bilen 10 sagat geçipdi we kebelek şol kiçijik deşikden çykyp bilmän kösenýärdi. Kebelegiň köp wagtlap kösenmegine garamazdan, ol entek pileden çykyp bilenokdy.

Hikmetli gürrüň

Paýhas mugallymy her sapagyň soňunda bir tymsal aýdýar eken, ýöne okuwçylar, köplenç, olaryň hikmetine düşünmeýän ekenler. Agşam okuwçylaryň biri oňa ýüzlenip:

Täsinlikler dünýäsinde

Öň hiç görmedik ýerine taşlanan kepderi 2 müň 400 kilometrden öňki höwürtgesini tapyp bilýär. ***

Muny bilmek gyzykly

Atlaryň görüş ukyby Atyň gözleri hemişe özüniň çuňlugy we mähremligi bilen haýrana goýup beýleki jandarlardan tapawutlanýar. Atlaryň görüş ukyby, olaryň özüni alyp barşy we ýyndamlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Atyň gözi köp sanly iri jandarlaryň — gözlerinden has uludyr. Atlar arka tarapyndaky hereketi ýa-da zatlary hem görüp bilýärler. Atlaryň bu aýratynlygy olara duşmanyň daş keşbini öňünden duýmaga we halas bolmaga mümkinçilik berýär. Atlaryň gijelerine aýyl-saýyl görüp, güneşli günlere garanyňda, bulutly günlerde has gowy görýändigi bellenilýär.

Söz bilen jahany jadylan şahyr

Meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatow tarapyndan: «Türküstanda XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr» diýlip, döredijiligine juda uly, örän jaýdar baha berlen şahyryň ýaşan döwri bizden barha daşlaşýar. Ýöne döwür näçe daşlaşdygyça, şahyr öz mähriban halkyna barha golaýlaşýar. Türkmeniň ak öýi. Ulusy uly, kiçisi kiçi ýerindedir. Ol ýerde sylag-hormat, edep-ekram, ar-namys bardyr. Maşgalada bir agza bakylýandyr, bir adamdan sapak alynýandyr. Ol ak öýüň ýaşulusydyr. Telim gary basgylan adamdyr, uzak ömrüň ajysynam, süýjüsinem görendir. Az geplär, ýöne uz geplär. Durşy bilen akyldyr, alanyň, ýüregiňe ýazyp goýanyň özüňkidir. Könelerimiz garryly öýi gazna deňäpdirler. Magtymguly-da ýaşuly, ýöne ol bir ojagyň däl-de, külli türkmeniň ýaşulusy. Hut şeýle bolany üçin hem, onuň XVIII asyrdan bäri uzap gaýdan şygyr ýoluna ot bitenok...

«13»-lik (Hekaýa)

Durmuşda üstünlige ýetmekde her kimiň bir ynanýan zady bolýar. Kimsi ony öz içinde, pikir düwünçeginiň iň aşagynda saklasa, başga biri özüne şowlulyk getirýän zatlary aýtmakdan çekinenok. Şol şowlulyk getirýän zatlaryň biri-birinden üýtgeşikligi welin hakykat. Birbada menem özüme ynanmadym. Onsoňam men şol täsinlige ynanaýanymda-da, özgeleriň maňa ynanjagy gümana. Üstesine-de, maňa şowlulyk getirýän zat san bilen bagly. Özi-de, meniň tanyşlarymyň arasynda şol sany halamaýanlary-da bar. Şonuň üçin bu barada hiç kime dil ýarmagam islemeýärdim. Bu ýagdaý uzaga çekmedi. Adymyň, familiýamyň bileleşäkge-de 13 harpdan ybarat bolmagy tötänleýin zatdyr öýdüp ýörkäm, asyl meniň durmuş guran ýigidimiňki hem şeýle bolup çyksa nätjek?! Geň galmakdan ýaňa ikimizem biri-birimize gözlerimizi tegeläp seretdik-de, muny bolmaly zat hökmünde kabul etdik. Onsoň bir gün oturdym-da, öz ýanymdan bu sanyň ykbalymdaky ähmiýetini seljermäge başladym. Okan mekdebimiň, Aşgabada gelenimde ilkinji münen awtobusumyň, hatda durmuş toýuny tutan senämiziňem 13-likdigi meni haýran galdyrdy.

Şygryýet älemi

Öý Kemter geler ne söýleseň,Ynjalypjyk, peýlänimiz.Bolmaz-a ony söýmeseň,Mähriban, mährem öýümiz.

Paýhas dürdäneleri

Zehin howa şary ýalydyr, açmagy başarmasaň, haýry degenok. Tomas Edison.

Buýsançnama

Asyrlardan aklyk alan aslymyz,Rysgal-bereketdir ähli paslymyz,Dünýä döwletleri dogan-dostumyz,Mübärek ilimiň seýil-seýrany,Garaşsyzlyk döwrümiziň döwrany! Asuda säherler ak nurun saçyp,Guşlar päk asmanda erkana uçup,Obalar, şäherler bagtyny guçup,Şatlyk-şowhun halkymyzyň görýäni,Garaşsyzlyk döwrümiziň döwrany!

Ýürek kelamy

Biziň ilde göwün Käbä deňelýär,Baky ýer edensiň ähli dillerde.Bakylyga çagyryş bu şygyrlar,Geçmişim, şu günüm jemlenýär sende. Taryhymyň ýaňy sende duýulýar,Ene dilim Arşa göteren ussat!Halkyň bilen deň uransoň ýüregiň,Ýalkym saçýan şygryň göwherden zyýat.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa

Ynsan üçin ene topragyndan, ata Watanyndan zyýada hiç bir zat ýok. Watan — ynsan oglunyň emer-damary. Watan gymmatlygy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şirin zybanyndan çykan dürdäne setirlerinde çuňňur beýanyny tapypdyr. Beýik akyldar mukaddes Watanyň, ene topragyň gadyr-gymmaty hakdaky pikirlerini birnäçe setirlerinde beýan edipdir. Türkmen topragynyň sähralyklary, daglary, düzlükleri, deňizdir derýalary, hoşgylaw adamlary, şirin aýdym-sazlary, özüni kemala getiren halka bolan yssy mähri, döwrüň ýaşaýyş-durmuş meseleleri Magtymguly Pyragynyň Watan diýen düşünjesini ösdüripdir. Şonuň üçin ol her demde ene topragyň gurşawy bilen ýaşap, ony jany-teni bilen söýüpdir. Adamlaryň agzybirlikde birleşip, önüp-ösen topragynyň — ýurdunyň azat-erkana bolmagyny arzuw edipdir. Şahyr Watan erkinliginiň, asudalygynyň, kuwwatynyň berkarar bolmakdadygyna aýdyň göz ýetiripdir.

Akyldar şahyryň şygyrlary — dürler hazynasy

Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý hem-de köptaraplydyr. Ata Watana, ene topraga, türkmen iline bolan çäksiz söýgi, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary, ahlak arassalygy, tebigat gözelligi — bularyň ählisi şahyryň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Beýik söz ussadynyň eserleriniň içinde öwüt-ündew häsiýetli goşgular aýratyn orny eýeleýär. Şahyryň öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň aglabasy watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, ýagşy ahlaklylyk ýaly wajyp temalara bagyşlanypdyr. Bu goşgularyň ençemesiniň mazmuny türkmen halk nakyllaryna esaslanýar. Şeýle etmek bilen şahyr pelsepewi pikirleri şygyr bentlerine salypdyr. Bu Pyragynyň şygyrlarynyň esasy aýratynlygydyr. Mysal üçin, şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky: