Amanat

28 Awgust 2024
94

Aýalynyň eden işine telek diýmeýän adamsy şu gezek gatyrgandy. Ýogsa çärýek asyrdan bäri bileje bir ýassyga baş goýup ýören bolsa-da, öz maşgalasyna «aňry otur» diýmedik adamdy ol. Ýumşak, öz gününe şükür kylyp, güzeranyň ugrunda gezip ýören, işjanly diýleni. Gepiň külesi, günorta uçurlary aýalynyň jigisi gelipdir-de, iki köçe gaýradaky bir işdeşiniň sadakasyna görünmek üçin, uýasyna dileg salypdyr. On bäş gün geçen bolsa-da, zadynyň entek gelmändigine göz ýetiren adamsy aýalyna gatyrganybrak diýdi:

— Eneň-ataň jigiňe terbiýe berende, ilden alan zadyňy yzyna bermeli diýip öwredendirem welin...

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».