Tymsallar

28 Awgust 2024
61

Pile we kebelek

Bir adam bir pilä gabat geldi. Ol piläniň içinden kebelegiň çykjak bolup durandygyny aňdy we ony synlamak isledi. Ol birnäçe sagatlap kebelegiň pileden çykmaga synanyşýandygyny synlady. Ony synlamak bilen 10 sagat geçipdi we kebelek şol kiçijik deşikden çykyp bilmän kösenýärdi. Kebelegiň köp wagtlap kösenmegine garamazdan, ol entek pileden çykyp bilenokdy.