"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Pyragyň arzuwlan zamany geldi

Belentde parlaýar ýaşyl baýdagym,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.Ýürekdäki buýsanjymy aýdaýyn,Pyragyň arzuwlan zamany geldi. Bu gün dünýä doldy şahyryň ady,Şanyna toý tutýar ýakyny-ýady,Halypasy — Döwletmämmet Azady,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.

Hasyl bolan arzuw

(Hekaýa) Azat surat çekmegi kiçiliginden gowy görýärdi. Ol elinde çyzar ýaly galam bilen kagyz tapsa ýeterlikdi. Mekdebe gatnap başlanyndan soň-a, has-da kämilleşdi. Azadyň ejesi oňa birnäçe görnüşli surat albomyny hem alyp berdi.

Döredijilik dünýäsi

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Söý me­ni...

Digir gumuň gymmaty

Watan hakyndaky rowaýatlarda gerçekleriň edermenligi, gaýratlylygy wasp edilýär. Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Bu tymsaly mekdep ýyllarymyzda mugallymlarymyzyň biri gürrüň beripdi. Bir edermen gerçek goňşy oba duşmanyň gelenini eşidýär-de, bedewine atlanýar. Duşman bu gün goňşyňa gelen bolsa, ertir golaý-goltumdaky beýleki obalara-da geler, ilaty horlar. Şu pikir hem ýigidiň serinden çykmaýar. Ol duşman bilen batyrgaý söweşýär, ahyrynda hem ýeňiş gazanýarlar. Betpälleri yzyna serpikdirýärler. Ýöne ýigit agyr ýaralanýar. Obasyna gelýär, onuň tenindäki tyg ýarasyna tebipler em baryny edýärler. Gerçek welin aýňalyp bilmeýär. — Pelek işidir. Men pany bilen hoşlaşmaly bolsam, oglumy ýanyna bir gysym Watan topragyny düwünçege sal-da, kerwenlere goşup goýbergin. Ol batyrgaýlygy, gerçekligi, mert söweşmegi öwrensin. Goý, ýurdumyzdan uzaga gidip, güýjüni, edermenligini synap görsün. Uzak illerde başyňy çarap, batyrlygyňy görkezmek aňsat däldir — diýip, aýalyna sargyt edipdir.

AJAP EÝÝAM

Budur Arkadagyň ajap eýýamy,Täze eýýam haýran edýär dünýäni.Beýik Magtymgulyň ruhy diwany,Her jümlesi müň parasat, müň many. Göwnüm Pyragyny gören daglarda,Geçmişe-geljege dikýän nazarym.Arkadag Serdarly ajap çaglarda,Watan hakda her goşgym, her gazalym.

Duýguly dünýä

DILEG Säher turup, dileg saldym Hudaýa,Il-günüme aman-saglyk diledim.«Rehim nazaryňy salgyn biz taýa»Diýip, dynçlyk, agzybirlik diledim.

Şygryýet bossany

DARGA Äkit, köne gaýga taşlan göwrämi,Äkit, köne ruhum syýahat etsin.Biziň ýelkenleri juda perişanGaýygmyz haýrana goýup döwräni,Gözýetimden çykyp, uzaga gitsin.

Şygryýet çemeni

BIR SENI SÖÝÝÄN! Dommarlyp gez ýigitleri görseňem,Kän alçagam bolma, daýzalar bolsa.Sen deý şadyýana gabat gelseler:«Gelnim etjek» diýip başlarlar, ýogsa.

Göwün (Hekaýa)

Guşçy aga gürrüňçil adam. Uly bolsun, kiçi bolsun, parhy ýok, mesawy gümür-ýamra bardygyň, ýanyndan aňsat-aňsat turasyň gelmeýär. Onuň öz guşçulyk kesbi bilen bagly beren bir gürrüňi hiç ýadymdan çykanok. * * *

Garaşsyzlyk

Gül Diýaryň ösüşlerniň sakasynda — Garaşsyzlyk!Beýik döwrüň gözbaşynda, ýakasynda — Garaşsyzlyk!Dostluk bagynyň kökünde, şahasynda — Garaşsyzlyk!Halklaň bize berýän beýik bahasynda — Garaşsyzlyk!Watanmyzy goýan dünýäň deňesinde — Garaşsyzlyk! Ýedi yklymda döwlet guran seljuklaryň, oguzlaryň,Nesilleri Görogly dek, Alp Arslan dek kowumlaryň.Nusga kylyp şol merdana pederleriň dogumlaryn,Är gaýratly, mert, edermen, batyr, hüşgär ogullaryňÝurt goragna kabul eden kasamynda — Garaşsyzlyk!

Pyragynyň külliýaty

Magtymgulynyň eserleri ençeme golýazmalar arkaly biziň döwrümize gelip ýetipdir. Şahyryň golýazmalary diňe bir türkmen topragyna däl, goňşy we Angliýa, Wengriýa, Germaniýa ýaly günbatar ýurtlaryna-da ýaýrapdyr. Akyldaryň golýazmalarynyň köpüsi ýitip gidipdir. Magtymgulynyň ýedinji nesli bolan Gara işanyň gürrüň bermegine görä, dana şahyryň gaty köp kitaplary, şol sanda öz döreden eserleri hem Etrek çaýyndan geçilende sile gidýär. Golýazmalarynyň «weýran eýlenendigi» hakynda şahyryň özi-de «Reýgan eýledi» goşgusynda ýatlap geçýär:

Syrly setirleri çöşläp...

Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgularynyň arasynda tapmaça görnüşli syrly setirler bilen bir hatarda pygamberlere, öwlüýälere we taryhy şahsyýetlere salgylanylyp ýazylan setirler hem özüne çekýär. Akyldar şahyr olaryň üsti bilen ahlak, päkizelik, ula-kiçä hormat, mertlik, watançylyk ýaly garaýyşlaryny öňe sürüpdir. Olar köp okamagy, dürli kitaplar bilen tanyş bolmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şahyryň şeýle goşgularyna düşünmek üçin, dürli kitaplara salgylanmaly bolýar. Şu nukdaýnazardan şahyryň «Şalyk bile» atly goşgusy aýratyn ünsi çekýär: Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,Munda jebr etgen kişi, ol günde bolgaý ruýsyýa,Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba,Ol weliler serweri soltan Weýis dek öwlüýä,Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

Şygryýet

Ene toprak Topraga baş egmek kiçilik däldir,Oň bilen seň başyň egilip galmaz.Ene Ýer ene dek giňdir hemişe,Sähel-mähel zady göwnüne almaz.

«Ykbalym manyly bolary ýaly...» «Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan

Ýaşyl dünýä — ýaşyl Tug Aýdyň et sen ýollary,Äkit öňe illeri,Hem saýrat sen dilleri,Ýaşyl dünýä — ýaşyl Tug!

Jaz şygryýetini dörediji

Hormatly okyjylar, gazetimiziň bu gezekki sanynda biz size Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meşhur şahyry, kyssaçysy, dramaturgy Längston Hýuz barada gürrüň bermegi makul bildik. Jeýms Mersel Längston Hýuz 1901-nji ýylyň 1-nji fewralynda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Joplin şäherinde dünýä inýär. Onuň çagalyk ýyllary Kanzas ştatynyň Lorens şäherinde geçýär. Güzeranlarynyň kyndygyna garamazdan, enesiniň elinde terbiýelenen Hýuzyň çeper edebiýata bolan söýgüsi çagalyk ýyllarynda döreýär. Ol jaz poeziýasyna degişli «Sýu gyrmyzy geýnende» atly şygryny ýaňy bir okamagy öwrenip ugran döwürleri ýazýar.

Ýalan sözleseň...

Uzak ýyllaryň dowamynda çopançylyk edip, mal yzynda gezen pähimdar ýaşuly mal bazaryndaky kökerilgi goýunlary gözden geçirip ýördi. Ýaşulynyň nazary semiz öweçde eglendi. Eýesinden onuň bahasyny sorap, ylalaşsa, satyn aljakdygyny aýdyp: — Inim, bu ene goýun eken. Men huruşlyk edinjek bolýan, bogaz däldir-dä hernä — diýdi.

Ertekä çalymdaş günler (Hekaýa)

Şeýle bir dilewar kişiler bolýar, olaryň adaty bir wakany-da edil gyzykly eser ýaly edip gürrüň berşine haýran galyp oturmalydyr. Her birimiziň çagalyk günlerimiz baradaky ýatlamalarymyzyň içi-de şolar ýaly adamlaryň gyzykly gürrüňlerinden doludyr. Özüm-ä çagalygymy ýada salsam, gözümiň öňünde enemiň gürrüň berýän ertekilerindäki, rowaýatlaryndaky döw, jyn ýaly gahrymanlar hakydama gelýär. Enemiň gürrüň berýän ertekileriniň, rowaýatlarynyň ýa-da beýleki wakalarynyň özboluşly tarapy, olaryň biri beýlekisine meňzemezdi. Şol bir ertekini birnäçe gün geçip, täzeden gürrüň beräýsin, içiniň wakalary üýtgeşiklikden doludyr. Indi-indi pikirlenip otursam, şol döwürler onuň huşy ejizläp ýören bolmaly. Ýöne ýyllaryň dowamynda kemala gelen, ussatlyk derejesine çykan dilewarlygy oňa bu syryny gizlinlikde saklamaga mümkinçilik bererdi.

Türkmen tebigatynyň waspy

Türkmeniň tebigatyda edil kalby ýaly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýýär. Kitaby dädem Gorkutda bir ajaýyp şahyrana jümle bar: «Gözüm açyp gördügim, göwün berip söýdügim». Her bir türkmeniň gözüni açyp gören gözellikleriniň her birisi, hatda ata-enesi-de onuň mukaddes Watanynyň bir parçasydyr. Magtymguly Pyragynyň älemi haýrana goýan akyl-paýhasa ýugrulan, pähim-paýhas ummanyna deňelýän şygyrlardan düzülen egsilmez hazynasy hem türkmen tebigaty bilen berk baglanyşyklydyr.

Paýhasa eýlenen dürdäne sözler

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ynsan ýüreginiň teşneligini gandyrýan, kalplara şypa-melhem, güýç-kuwwat berýän dürdäne eserlerine türkmen halky mukaddeslik hökmünde garaýar. Röwşen geljege tarap barýan ak ýollarda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynyň aýry-aýry setirleri nakyllar, pähimler, atalar sözleri görnüşinde dilden-dile geçip, halk arasynda aýdylýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny  ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemekde nusgalyk mekdep hasaplaýar. Alym Arkadagymyzyň: «Ynha, ençeme wagt bäri akyldar şahyryň agzybirlik sapaklaryndan türkmen halkynyň, gör, näçe nesli terbiýelendi we terbiýelenýär» diýen sözleri Magtymguly bilen türkmen halkynyň terbiýeçilik mekdebiniň arasyndaky gatnaşyga berlen hakyky bahadyr. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, watansöýüjilige eýlenen, adamzadyň iň gowy däplerini özünde jemleýän eserlerini bu gün bütin dünýä öwrenýär. Dana şahyr şygyrlarynda adamlaryň kalplarynyň we ahlagynyň päk, kämil bolmalydygyny nygtapdyr.

«Biri Magtymguly...»

Magtymguly diýip ady tutulýar. Pyragy diýip ady tutulýar. Akyldar, dana,.. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň ady külli türkmen halkynyň ady bilen bilelikde tutulýar... Aýdylyşy ýaly, pikir — materiýa. Materiýa bolsa ýaşaýar. Diýmek, pikir ýaşaýar. Ony kimdir biriniň gaýtalap bilmegi-de ahmal, unutmagy-da. Ýöne pikir ýaşaýan bolsa, barybir, unudylan zatlaryň bir gün kimdir biriniň aňynda janlanmagy, zybanynda ýaňlanmagy mümkin. Pyragy türkmen halkynyň ýa-da türkmen halkynyň adyndan ata-babalarymyzyň pikirini halkyna gaýdyp berdi. Şahyr kimdir birini gaýtalap däl-de, gaýtadan doglan pikiri dünýä berip, bolanlaryny Gündogaryň pelsepesine ýugrup türkmeniň Magtymgulusyna öwrüldi. Pyragynyň şygyrlaryny ýat tutup nesilden-nesle geçiren halk gönüden-göni şol pelsepäniň içinde ýaşady. Ol islendik pursatda türkmen aga «Magtymguly, ine, şeýle diýipdir...» diýen çykalga bolup, halkyň dadyna ýetişdi. Halk dadyna ýetişenleri, has dogrusy, gahrymanlaryny unutmaýar. Halkyň aňynda ýaşamak bolsa baky ýaşamak diýmekdir. Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedi ýaşamagydyr.