Digir gumuň gymmaty

24 Awgust 2024
112

Watan hakyndaky rowaýatlarda gerçekleriň edermenligi, gaýratlylygy wasp edilýär. Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Bu tymsaly mekdep ýyllarymyzda mugallymlarymyzyň biri gürrüň beripdi. Bir edermen gerçek goňşy oba duşmanyň gelenini eşidýär-de, bedewine atlanýar. Duşman bu gün goňşyňa gelen bolsa, ertir golaý-goltumdaky beýleki obalara-da geler, ilaty horlar. Şu pikir hem ýigidiň serinden çykmaýar. Ol duşman bilen batyrgaý söweşýär, ahyrynda hem ýeňiş gazanýarlar. Betpälleri yzyna serpikdirýärler. Ýöne ýigit agyr ýaralanýar. Obasyna gelýär, onuň tenindäki tyg ýarasyna tebipler em baryny edýärler. Gerçek welin aýňalyp bilmeýär.

— Pelek işidir. Men pany bilen hoşlaşmaly bolsam, oglumy ýanyna bir gysym Watan topragyny düwünçege sal-da, kerwenlere goşup goýbergin. Ol batyrgaýlygy, gerçekligi, mert söweşmegi öwrensin. Goý, ýurdumyzdan uzaga gidip, güýjüni, edermenligini synap görsün. Uzak illerde başyňy çarap, batyrlygyňy görkezmek aňsat däldir — diýip, aýalyna sargyt edipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.