"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady mümkinçilikleri

Türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna galkynyşly menzilleri bagyşlandygy hakykat. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, edebiýat, syýasat, ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, amal edilen işler sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Bitaraplyk syýasaty sebitiň dünýäde häzirki zamanda bolup geçýän işlere ähli ugurlar boýunça tiz goşulyşmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýanyň, syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklar berkidilýän sebite öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär» diýen sözleri biziň söhbedimize giriş boldy. Gürrüň türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetiren özgerişli täsirleri dogrusynda barýar. Ýadymyzda şöhlelenişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz ýurdumyz 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda BMG tarapyndan ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä çykdy. Dünýäde şeýle mertebelenmek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde binýat boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan islendik döwletiň ähli ulgamlar boýunça ösmäge, öňe gitmäge galkynjakdygy öz-özünden düşnükli. Ine, G

Bitaraplygymyz – buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär hem özgerýär, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy gün-günden belende göterilýär. Döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, bu Gurama gatnaşyjy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu taryhy waka türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhy we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy tutuş dünýäde uly goldawa mynasyp bolýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2015-nji ýylyň 3

Şanly sene — Watan goragçylarynyň ykbalynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ajaýyp sahypalary açdy. Agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti, içeri hem daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden artýar. Esasy görkezijiler boýunça Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girip, täze ýeňişler sary ynamly öňe barýar. Bu görkezijiler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Esasan, bu ugurda iň ileri tutulýan wezipeleriň biri hem, Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmekden, halkymyzy parahat hem bagtly durmuşda ýaşatmakdan, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary has-da jebisleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle çäreleri amala aşyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden başlap, Watan goragyny, ýurt asudalygyny hem-de onuň serhediniň bitewüligini üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berip gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Milli goşunymyz mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasydyr» diýip, guwanç bilen aýdýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurdumyzyň Ýaragly G

Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişip, dünýä giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýan Watanymyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýedir. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, dürli görnüşli möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mynasyp ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyz halkara başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edip, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirdi. Şu jähetden, Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitinde halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrunda netijeli gatnaşyklary ösdürýän we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýan döwlet hök

Sanymyz juda kän, asmanymyz bir, ömür örkli zeminimiz bir biziň

Ýer ýüzünde millionlarça ynsan, ýüzlerçe ýurt, dürli millet, müňlerçe dil, şonça il, millionlarça ýol bar. Zeminiň zerre ýerine ýeten zelel hiç zady-da, hiç kişini-de biparh goýmaýar. Şu nukdaýnazardan-da, asmanyň asudalygyny, zeminiň parahatlygyny pugtalandyrmak her bir ynsan üçin hökmanydyr. Çünki biri-birimiziňkiden gaýry, belki, has alys aralyklarda ýerleşýän ýurtlarda ýaşaýan hem bolsak, biziň zeminimiz, asmanymyz biri-birimiziňkiden üzňe däl. Şoňa görä-de, mukaddes zemini goramagy we oňa ak ýürekden hyzmat etmegi gaýragoýulmasyz borç hasaplaýan türkmen halky Ýer ýüzüniň parahatlygyny hem asudalygyny üpjün etmek dogrusyndaky beýik maksatlaryny asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirip gelýär. Şu zeýilli ýagşy niýetlerden gözbaş alýan oňyn işler bolsa, älem-jahanyň goýnuny gülgüzarlyga besleýär. Umumadamzadyň abadançylygyny arap amala aşyrylýan beýik işler, umumy ynsanyýet ömrüni ajaýyplyklara beslejek ýeňişler, bagtyýar ynsanlary bagta ýar etjek özgerişler, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny dost-doganlyga, agzybirlige, gülläp ösüşe çagyrýan beýik maksatlar, mahlasy, älem-jahanyň goýnuny gülletjek gowulyklaryň ählisi-de türkmen Bitaraplygynda jemlenýär. Dost-doganlyk bar ýerinde agzybirlik bar. Agzybirlik bar ýerinde asudalyk, parahatlyk hem abadançylyk bar. Abadançylygyň, asudalygyň, agzybirligiň hem parahatlygyň bitewüleşen ýerinde bolsa, gazanylmajak üstünlik, ýetilmejek ýeňiş ýokdu

Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän wajyp işleri amala aşyrýar. Türkmenistan birnäçe halkara guramanyň agzasy bolup, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

Baky bagtyýarlygymyzyň badalgasy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk alyp galkynmagy ata-babalarymyzyň asyrlarboýy köňlüne beslän ajaýyp arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyzlyk alyp galkynan ata Watanymyz Türkmenistan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem eýesi boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň ynsanperwer häsiýetiniň döwrebap dowamydyr. Munuň şeýledigine dutary gylyçdan has güýçli saýan Şükür bagşynyň başyndan geçirenleri-de aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhyň saralan sahypalaryny agtaryp görsek, türkmen halkynyň asyrlarboýy diňe öz ýurdunyň däl, eýsem, dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak ugrunda hem göreşendigine göz ýetirmek mümkin. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny «Türkmen Bitaraplygy» diýip atlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Görogly beg hakyndaky adybir dessançylyk sungaty, onuň golundaky dutary, kalbyndaky namasy bilen umumadamzat derejeli nusgalyk esere öwrülip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Türkmen dutarynyň, türkmen owazynyň dünýä derejesinde buýsanç bilen dabaralanmagy, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilen miweleridir.

Ýurdumyzyň halkara giňişliginde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýä nusgadyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 27 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe b

Dünýä nusga bitaraplyk ýolumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda döwletimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Bitaraplyk - munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenistan döwletiniň paraha

Bitaraplyk — durnukly ösüşiň binýatlyk ýoly

Häzirki döwrüň ösüşlere beslenýändigi, olaryň ylmyň, bilimiň, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň öňdebaryjy gazananlaryna, döwrebap milli kanunçylyga esaslanýandygy ähli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleri döredijilige we işjeňlige ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli we halkara dabaralara, maslahatlara ählihalk derejesinde ägirt uly joşgunyň, ruhubelentligiň mahsuslygy Bitaraplyk taglymatynyň ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Garaşsyzlygyň hem-de Bitaraplygyň binýadyny has-da berkitmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň hatarynda durýar.

Bitaraplyk — döwletimiziň mertebe sütüni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Bitaraplyk derejämiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda Bitaraplyk derejesiniň alamaty bolan zeýtun baldajyklary şekillendirildi. Döwlet senamyz Bitaraplyk derejämiz bilen şöhlelendi. Bitaraplyk güni – ýurdumyzyň iň naýbaşy baýramlarynyň birine öwrüldi. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly eserinde: «Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň Tug deýin belent saýýan mertebe sütünidir» diýip ýazýar. Bu, hakykatdan hem şeýle. Çünki biz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerinde baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren miwelerini görýäris.

Ba­ky Bi­ta­rap­lyk — buý­san­jy­myz

Hä­zir­ki aja­ýyp gün­ler­de ýur­du­my­zyň ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk to­ýu­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýa­rys. Şan­ly Ga­raş­syz­lyk, ba­ky Bi­ta­rap­lyk türk­men hal­ky­nyň ha­syl bo­lan ar­zu­wy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy ýur­du­myz­da we dün­ýä­de gül­läp ösüş­le­riň bin­ýa­dy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ru­ny, ýol-ýö­rel­ge­si­ni kes­git­le­ýär we äş­gär ed­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri, şol san­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len di­ňe bir öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, il­kin­ji no­bat­da, şol hyz­mat­daş­ly­gyň dost­luk­ly hem-de umu­ma­dam­zat jem­gy­ýet­çi­li­gin­de asu­da­lyk sy­ýa­sa­ty­ny öňe sür­ýän oňaý­ly gat­na­şyk­lar­dan yba­rat bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýär.

Dünýä nusgalyk ýörelge

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan» at­ly ki­ta­byn­da: «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy — bu bi­ziň mi­ze­mez gym­mat­ly­gy­my­zdyr, dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir, bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr. Bi­ta­rap­lyk türk­men hal­ky­na pa­ra­hat, asu­da, bo­le­lin we gül­le­ýän dur­mu­şy ber­di. Ol Ga­raş­syz­ly­gyň çuň ma­ny­ly ide­ýa­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin ynam­dar ke­pil bo­lup hyz­mat ed­ýär» di­ýip bel­le­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­jä­mi­ziň iki ge­zek yk­rar edil­me­gi şan­ly wa­ka bol­dy. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­dan bä­ri ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ber­kid­ýär, pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­ýar, beý­le­ki döw­let­ler bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar.

Halkara Bitaraplyk gününe

Şowhuna beslendi Golaýda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň şanly toýy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada mekdebiň mugallymy Gözel Annahanowa hem-de 3-nji ýyl talyby Nazar Garaýew bilelikde we ýekelikde wokal sungaty boýunça türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Dabarada Magtymguly Pyragynyň, G. Ezizowyň sözlerine we N. Halmämmedowyň, W. Muhadowyň sazlaryna düzülen aýdymlaryň wokal sungatynda ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy.

Bagtyýarlygyň mekany

Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan il-ýurt bähbitli işleriň amala aşyrylýan zamanasynda eziz Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Mähriban halkymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, uly toý-dabara, belent joşgun bilen barýar. Ata Watanyň her daban ýeriniň mukaddesligine we ezizligine aňryýany bilen düşünýän bagtyýar nesiller döwletimiziň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribelerini eziz Diýarymyzyň depginli ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna bagyş etmelidir. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, merdana halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäde parahatçylygyň bähbidine hyzmat etmek bolsa belent mertebedir we mukaddes borçdur.

Parahatçylygyň hem ösüşiň taglymaty

Bitaraplyk. Halkara hukugynda giňden ýaýran bu düşünjäniň aňrysynda uly many bar. Taryhyň dowamynda ençeme kynçylyklary başdan geçiren adamzat jemgyýeti bu günki gün ählumumy abadançylyga hem-de parahatçylyga naýbaşy gymmatlyk hökmünde garaýar. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän orny, öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän işleri hem dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilip, Ýer ýüzünde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda parahatçylyga ýugrulan ýörelge hem-de ony baýdak edinýän döwletler barada söhbet etmek ýakymlydyr. Kämilleşýän düşünje, uly jogapkärçilik

Türkmen Bitaraplygy — dünýä nusgalyk ýörelge

Baky Bitaraplyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk. Türkmenistan döwletimiz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplap, guramanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şol döwürden başlap ýurdumyz bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak babatdaky tagallalarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolandygyny görkezýär. Şeýle-de 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Geoykdysady giňişligiň berk binýady

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan edara-kärhanalarda dürli çäreler guralýar. Şolaryň biri biziň mekdebimizde hem geçirildi. «Bitaraplyk we dünýä uzaýan ýollar» diýlip atlandyrylan baýramçylyk çäresinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk ulgamy boýunça amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli iri möçberli taslamalar barada gyzykly söhbetler guraldy. Çykyşlarda «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň Ýewropa—Ýuwaş ummany we Günorta—Gündogar Aziýa çäginde ykdysady ulgamlary baglanyşdyrýan halka hökmünde kesgitlenilýändigi baradaky maglumatlar ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Geçen ýyllarda ähli welaýatlaryň ulag düzümlerini, şol sanda üstaşyr ýollary ösdürmek bilen baglanyşykly halkara ähmiýetli iri taslamalaryň uly toparynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigine degişli anyk mysallar getirildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geoykdysady giňişligiň binýadynyň ösdürilýändigine degişli maglumatlar ýaşlary has gyzyklandyrdy. Köpsanly ulag-üstaşyr geçelgeleriň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berýändigi, sebitde we dünýäde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýändigi baradaky maglumatlar çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Şanly senä bagyşlanyldy

Şu günler Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 27 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýär. Bu uly baýramçylyga bagyşlanylyp dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri golaýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. “Bitaraplygyň nurana ýoly” ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik görnüşinde geçirilen bu çärä okuw jaýymyzyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Bi­ta­rap­lyk – pa­ra­hat­çy­ly­gyň da­ýan­jy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän daşary syýasy strategik ugry, parahatçylygyň meselelerini dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilendir. Taryha giren 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň resmi taýdan ykrar edilen günüdir. Mundan laýyk 27 ýyl öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Dünýä bileleşigi hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky işlerini nazara alyp, bu Rezolýusiýany 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul etdi. Bu guramanyň 2017-nji ýylyň fewral aýynda kabul eden ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgütler Milletler Bileleşiginiň Garaşsyz Türkmenistanyň tagallalaryna berýän ýokary bahasydyr.