Sanymyz juda kän, asmanymyz bir, ömür örkli zeminimiz bir biziň

7 Dekabr 2022
705

Ýer ýüzünde millionlarça ynsan, ýüzlerçe ýurt, dürli millet, müňlerçe dil, şonça il, millionlarça ýol bar. Zeminiň zerre ýerine ýeten zelel hiç zady-da, hiç kişini-de biparh goýmaýar. Şu nukdaýnazardan-da, asmanyň asudalygyny, zeminiň parahatlygyny pugtalandyrmak her bir ynsan üçin hökmanydyr. Çünki biri-birimiziňkiden gaýry, belki, has alys aralyklarda ýerleşýän ýurtlarda ýaşaýan hem bolsak, biziň zeminimiz, asmanymyz biri-birimiziňkiden üzňe däl. Şoňa görä-de, mukaddes zemini goramagy we oňa ak ýürekden hyzmat etmegi gaýragoýulmasyz borç hasaplaýan türkmen halky Ýer ýüzüniň parahatlygyny hem asudalygyny üpjün etmek dogrusyndaky beýik maksatlaryny asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirip gelýär. Şu zeýilli ýagşy niýetlerden gözbaş alýan oňyn işler bolsa, älem-jahanyň goýnuny gülgüzarlyga besleýär.

Umumadamzadyň abadançylygyny arap amala aşyrylýan beýik işler, umumy ynsanyýet ömrüni ajaýyplyklara beslejek ýeňişler, bagtyýar ynsanlary bagta ýar etjek özgerişler, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny dost-doganlyga, agzybirlige, gülläp ösüşe çagyrýan beýik maksatlar, mahlasy, älem-jahanyň goýnuny gülletjek gowulyklaryň ählisi-de türkmen Bitaraplygynda jemlenýär. Dost-doganlyk bar ýerinde agzybirlik bar. Agzybirlik bar ýerinde asudalyk, parahatlyk hem abadançylyk bar. Abadançylygyň, asudalygyň, agzybirligiň hem parahatlygyň bitewüleşen ýerinde bolsa, gazanylmajak üstünlik, ýetilmejek ýeňiş ýokdur. Diýmek, bu günki günde dünýäde belent mertebä eýe Türkmenistan ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň özeni — türkmen Bitaraplygy!

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».