Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen

7 Dekabr 2022
772

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişip, dünýä giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýan Watanymyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýedir. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, dürli görnüşli möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mynasyp ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyz halkara başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edip, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirdi. Şu jähetden, Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitinde halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrunda netijeli gatnaşyklary ösdürýän we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýan döwlet hökmünde ykrar edilendir.

Öz saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dabaralandyrýan döwletimiz dünýäniň iň uly abraýly guramasy bolan BMG-niň uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirip, öňde goýlan durnukly ösüşiň maksatlarynyň dünýäde amala aşyrylmagyna oňaýly goşant goşjakdygyny görkezýär. Uzak geljegi nazarlap, hemişelik Bitaraplyga esaslanýan, daşary syýasatymyzyň özeni bolup durýan hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleriň halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidigi buýsandyryjydyr.

Agamyrat ORAZOW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň uly mugallymy, 2-nji derejeli kapitan.