Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygyň kepili

7 Dekabr 2022
731

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän wajyp işleri amala aşyrýar. Türkmenistan birnäçe halkara guramanyň agzasy bolup, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

Nurgözel MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.