Bitaraplyk — durnukly ösüşiň binýatlyk ýoly

7 Dekabr 2022
698

Häzirki döwrüň ösüşlere beslenýändigi, olaryň ylmyň, bilimiň, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň öňdebaryjy gazananlaryna, döwrebap milli kanunçylyga esaslanýandygy ähli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleri döredijilige we işjeňlige ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli we halkara dabaralara, maslahatlara ählihalk derejesinde ägirt uly joşgunyň, ruhubelentligiň mahsuslygy Bitaraplyk taglymatynyň ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini alamatlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Garaşsyzlygyň hem-de Bitaraplygyň binýadyny has-da berkitmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň hatarynda durýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.