Geoykdysady giňişligiň berk binýady

5 Dekabr 2022
623

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan edara-kärhanalarda dürli çäreler guralýar. Şolaryň biri biziň mekdebimizde hem geçirildi. «Bitaraplyk we dünýä uzaýan ýollar» diýlip atlandyrylan baýramçylyk çäresinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk ulgamy boýunça amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli iri möçberli taslamalar barada gyzykly söhbetler guraldy.

Çykyşlarda «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň Ýewropa—Ýuwaş ummany we Günorta—Gündogar Aziýa çäginde ykdysady ulgamlary baglanyşdyrýan halka hökmünde kesgitlenilýändigi baradaky maglumatlar ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Geçen ýyllarda ähli welaýatlaryň ulag düzümlerini, şol sanda üstaşyr ýollary ösdürmek bilen baglanyşykly halkara ähmiýetli iri taslamalaryň uly toparynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigine degişli anyk mysallar getirildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geoykdysady giňişligiň binýadynyň ösdürilýändigine degişli maglumatlar ýaşlary has gyzyklandyrdy. Köpsanly ulag-üstaşyr geçelgeleriň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berýändigi, sebitde we dünýäde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýändigi baradaky maglumatlar çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Bagtygül HASANOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.