Bitaraplygymyz – buýsanjymyz

7 Dekabr 2022
782

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär hem özgerýär, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy gün-günden belende göterilýär. Döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, bu Gurama gatnaşyjy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu taryhy waka türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhy we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy tutuş dünýäde uly goldawa mynasyp bolýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy hem-de 47 döwletiň awtordaş bolmagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilendigini görkezip bileris. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG ýene-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýagdaýyny goldaýandygyny beýan etdi. Bitaraplyk ýörelgesi ata-babalarymyzyň durmuşynda gadymdan gelýän ähli meseleleri diňe ylalaşyk esasynda amal etmegi bilen baglanyşyklydyr. Konstitusiýamyzyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip kesgitlenmegi wajyp ähmiýete eýedir.

Döwletgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet komitetiniň agzasy.