"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Agyr atletikaçy ildeşimiz kümüş medalyň eýesi

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyzyň üstünlikleri barada ýatlasak, 2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda gazanylan altyn medal, 2018-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanylan bürünç medal barada aýtmak gerek. P.Gurýewa ýene-de iki sany uly ýaryşda — 2019-njy ýylyň aprelinde Fiji Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Ildeşimiziň ajaýyp üstünligi

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Türgen gyzymyz ýaryşda üçünji orny eýelän Ýaponiýanyň wekili Mikiko Andodan öňe geçmegi başardy (silkip götermek — 94 kilogram, itekläp götermek — 120 kilogram). Bu agram derejesinde ştangany silkip götermekde (103 kilogram), itekläp götermekde (133 kilogram) hem-de iki görnüşde (236 kilogram) üç sany olimpiýa rekordlaryny gazanan dünýäniň dört gezek çempiony, dünýä rekordlarynyň 12-siniň eýesi Kuo Sin-Çžun (Hytaý Taýpeýi) birinji orny eýeledi.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy

Tokio, 27-nji iýul (TDH). Şu gün Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Ýeňijiniň sözi

Polina GURÝEWA,XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi: — Tokioda geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolmagym başymy göge ýetirdi. Begenjiňi söz bilen beýan edip bolmajak duýgy! Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanmagymyň gözbaşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak babatdaky irginsiz tagallalary dur. Elbetde, Olimpiýa medalynyň eýesi bolmak — her bir türgeniň iň arzyly arzuwy. Şol maksada ýetmek üçin toparymyz bolup çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigine çäksiz buýsanýaryn.

Ilkinji medal — baş baýrama sowgat

Türkmenistanly türgen Olimpiýa medalyna mynasyp boldy! Ynha, bu arzyly medal biziň türgenlerimize-de miýesser etdi. Gutly bolsun! Höwri köp bolsun! Şa sözi keramat

Tomusky Olimpiýa oýunlary: sport üstünlikleriniň aýdyň beýany

Türkmen türgenleriniň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri diýseň guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem türkmen türgenleri halkara derejesinde geçirilýän abraýly sport bäsleşiklerinde yzygiderli baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýurdumyza türgenleriň 9-sy wekilçilik edýär. Olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça çykyş edýärler. Dünýäniň çar ýanyndan gelen saýlama sport ussatlary bilen bäsleşige çykyp, öz ýurduňa wekilçilik etmek örän buýsançly wakadyr. Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna teleýaýlym arkaly tomaşa edenimizde, ýaşyl Baýdagymyzy belende göterip geçen türkmen türgenlerimize tüýs ýürekden buýsandyk.

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda her bir adamyň sport bilen meşgullanmagy, ýaş nesliň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň, Diýarymyz sportuň ösýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr mekdepleri, stadionlar, sportuň islendik görnüşi üçin meýdançalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmegini baş maksatlarynyň birine öwrendigine şaýatlyk edýär.

Olimpiýa oýunlary — tejribe mekdebi

Düýn Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky gününiň ýaryşlary tamamlandy. Ýaryşlaryň çäginde biziň ildeşimiz, agyr atletikaçy Kristina Şermetowa Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny 205 kilogram agyrlygy götermek bilen tamamlady. Şeýlelikde, ol 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 14 türgeniň arasynda ilkinji altylyga girdi. Ildeşimiz ştangany silterläp götermekde 90 kilogram agyrlyga hötde geldi. Bu agyrlygy ilkinji synanyşygynda göteren K.Şermetowa soňky iki synanyşykda 93 kilogram agyrlygy talabalaýyk götermek başartmady.

Sportuň dabaralanýan Diýary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň saglygyny goramaga hem-de berkitmäge, türkmen sportunyň abraýyny beýgeltmäge, halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny gorap biljek ussat türgenleri, bedenterbiýe we sport boýunça hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Elbetde, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde, obalarynda dünýä ülňülerine gabat gelýän bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynyň, sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerimde ýaýbaňlanmagyna, türkmen sportunyň ösmegine örän uly şertleri döretdi.

Saglygyň sakasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde Esenguly şäherindäki sport mekdebinde guran çäresi giň many-mazmuna eýe boldy. Sport mekdebinde tälim alýan ýaş türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen  wagyz-nesihat çäresinde bedenterbiýedir sport bilen yzygiderli meşgullanýan, sagdyn durmuş ýörelgesini özüne hemişelik hemra edinýän her bir adamyň bedeniniň berk, ruhunyň belent, janynyň sag, keýpiniň çag, kalbynyň elmydama joşgunly bolýandygy hakynda gürrüň edildi. «Bu ugurda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dürli ulgamlarda, önümçilik pudaklarynda yzygiderli geçirilýän giň möçberli wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleriniň oňat netijeleri berýändigini bellemek gerek» diýip, çärede çykyş edenler aýdyp geçdiler.

Ökdeler öňe saýlandylar

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilelikde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň çempionatyny geçirdiler. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdepde geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Ysmaýyl Hajymämmedow, Rüstem Mämmiýew, Yslam Musaýew, Şamämmet Täçmämmedow, Salyh Nurmämmedow, Musa Jumagulyýew, Remezan Töräýew, gyzlaryň arasynda Gülruh Japarowa, Maýagözel Kürmenowa, Keýki Aganazarowa, Aýläle Sähedowa, Artykgül Kadyrowa dagy degişli agram derejelerinde üstünlikli çykyş edip, welaýatyň çempiony bolmagy başardylar. *  *  *

Tokio — 2020: türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa

Şu günler tutuş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsi Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gönükdirilen diýsek, ýalňyşmasak gerek. Dört ýyllygyň iň abraýly sport baýramçylygynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen güneşli Diýarymyzyň Tugunyň belentden parlamagy, tomusky olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlaryna türkmen türgenleriniň hem gatnaşmagy bolsa biziň üçin diýseň buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň şahsy göreldeleri we tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli sporta we bedenterbiýä höweslendirmekde, sportçularymyzyň göwnejaý türgenleşmekleri hem-de halkara ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine TOKIO — 2020-ä gatnaşjak Türkmenistanyň toparynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ýurt derejesindäki dabara bilen ugradylmagy, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem doly şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda toplumlaýyn özgertmeler alnyp baryldy. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi we beýleki müňlerçe sport desgalary bina edildi. Türg

Sagdynlyk we ruhubelentlik — beýik ösüşlere badalga

Türkmen halky «Saglygym — baş baýlygym» diýip, saglygy ähli zadyň sakasy hasaplaýar. Sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek ugrunda ýurdumyzda dürli sport çäreleri, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça üstünlikli ädilýän ädimler munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna däl, eýsem döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan ugurlara-da degişli bolup, ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy. Onuň merkezinde bolsa adam, durmuşyň mynasyp şertleri durýar. Şoňa görä-de, saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, şol sanda her kimiň öz saglygyna jogapkärçiliginiň ýokarlanmagy göz öňünde tutulyp, döwletimiz munuň üçin hemme şertleri, giň mümkinçilikleri döredip, ählitaraplaýyn goldaw berýär. Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär.

Gymmaty gaçýan gollar

2021-nji ýylyň iýun aýyndan UEFA-nyň baýdagy astyndaky ýaryşlarda myhmançylykdaky gollar gymmatyny ýitirer.  «7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021.

Geçmişden geljege salam!

«7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiadanyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen-istanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolup,  Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türk­me­nis­ta­nyň Baý­da­gy XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da buý­sanç­ly par­la­ýar

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabara wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, milli sport merkezleriniň, federasiýalaryň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Salam, Olimpiýa oýunlary!

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparlary XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar Düýn Tokionyň Milli Olimpiýa stadionynda XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu dabara we Oýunlaryň çäklerindäki ýaryşlara biziň ýurdumyzyň hem wekilçilikli topary gatnaşýar.

Ynamly ädimler

Üstünlige ýetmek üçin, ilkinji nobatda, arzuw, höwes we yhlas gerekdir. Eger-de adam öňünde maksat goýsa, maksadyna ýetmek üçin yhlas etse we üstünlige ýetmäge bolan höwesi bolsa, hiç hili päsgelçiliklere garamazdan islendik kynçylykdan baş alyp çykyp biler. Edil şonuň ýaly hem sport äleminde üstünlik gazanmak üçin, ilki bilen, erjellik bilen ýapyşmak we işiňe uly zähmet siňdirmek zerurdyr.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary! Mähriban türgenler!

Ýeňiş hemraňyz bolsun, türkmen türgenleri!

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgüdir!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen eşretli eýýamymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda sanlyja ýyllaryň içinde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirildi. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bolsa olar üçin döredilip berilýän diýseň oňat şert-mümkinçilikleriň tüýs ýerine düşýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Sport älemindäki iň uly ýaryşlarda – Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmeklige hukuk gazanmagy hem şeýle uly üstünlikleriň hataryna buýsanç bilen goşmak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolmagy-da Watanymyzyň Olimpiýa hereketine işjeň goşulyşýandygyndan habar berýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ezber türgenlerimiz