Ökdeler öňe saýlandylar

26 Iýul 2021
933

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilelikde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň çempionatyny geçirdiler. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdepde geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Ysmaýyl Hajymämmedow, Rüstem Mämmiýew, Yslam Musaýew, Şamämmet Täçmämmedow, Salyh Nurmämmedow, Musa Jumagulyýew, Remezan Töräýew, gyzlaryň arasynda Gülruh Japarowa, Maýagözel Kürmenowa, Keýki Aganazarowa, Aýläle Sähedowa, Artykgül Kadyrowa dagy degişli agram derejelerinde üstünlikli çykyş edip, welaýatyň çempiony bolmagy başardylar.

*  *  *

Aşyr BERDIÝEW.