Tomusky Olimpiýa oýunlary: sport üstünlikleriniň aýdyň beýany

27 Iýul 2021
920

Türkmen türgenleriniň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri diýseň guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem türkmen türgenleri halkara derejesinde geçirilýän abraýly sport bäsleşiklerinde yzygiderli baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar.

Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýurdumyza türgenleriň 9-sy wekilçilik edýär. Olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça çykyş edýärler. Dünýäniň çar ýanyndan gelen saýlama sport ussatlary bilen bäsleşige çykyp, öz ýurduňa wekilçilik etmek örän buýsançly wakadyr. Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna teleýaýlym arkaly tomaşa edenimizde, ýaşyl Baýdagymyzy belende göterip geçen türkmen türgenlerimize tüýs ýürekden buýsandyk.

Annamyrat AKYÝEW,
«Mugallymlar gazeti».