Türk­me­nis­ta­nyň Baý­da­gy XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da buý­sanç­ly par­la­ýar

25 Iýul 2021
1032

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabara wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, milli sport merkezleriniň, federasiýalaryň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda gysgaldylyp alyndy)