Saglygyň sakasy

26 Iýul 2021
901

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde Esenguly şäherindäki sport mekdebinde guran çäresi giň many-mazmuna eýe boldy.

Sport mekdebinde tälim alýan ýaş türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen  wagyz-nesihat çäresinde bedenterbiýedir sport bilen yzygiderli meşgullanýan, sagdyn durmuş ýörelgesini özüne hemişelik hemra edinýän her bir adamyň bedeniniň berk, ruhunyň belent, janynyň sag, keýpiniň çag, kalbynyň elmydama joşgunly bolýandygy hakynda gürrüň edildi. «Bu ugurda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dürli ulgamlarda, önümçilik pudaklarynda yzygiderli geçirilýän giň möçberli wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleriniň oňat netijeleri berýändigini bellemek gerek» diýip, çärede çykyş edenler aýdyp geçdiler.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».