"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Milli gymmatlygymyz — mertebämiz

Türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Ata-babalarymyz öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Asyrlaryň dowamynda bedew halkymyzyň aňynda hasyl bolan arzuwyň, maksada okgunlylygyň, ýeňiş gazanmaga erk-islegiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki döwürde bedewleriň ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň kuwwatyny we ägirt uly üstünliklerini özünde jemleýän özboluşly gymmatlyga öwrülendigini bellemek gerek. Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli işi arassa ganly behişdi bedewleriň tohumynyň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala gelmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini wagyz etmäge ýardam berdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aý

Bäsleşigiň etrap tapgyry

Ýakynda Görogly etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa zehinli bagşy-sazandalaryň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy bagşy-sazandalaryň dutarda joşup ýerine ýetiren aýdym-sazlary ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döretdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmek babatdaky ukyp-başarnygyny görkezen bagşy-sazandalar halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýändiklerini çykyşlarynyň üsti bilen aýan etdiler. Halypa aýdymçylardan ybarat eminler topary ýaş zehinlileriň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnygyna, sahna medeniýetiniň sazlaşygyna, şirin zybanyna, aýdymlaryň sözleriniň çeperçiligine we aýdylyş derejesine baha berdiler.

«Atda wepa-da bar, sapa-da»

24-nji aprelde Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar türkmen bedewini wasp edýän goşgularydyr makalalary bilen gatnaşdylar. Poeziýa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna şahyr Öwez Gurbanýazow, makala žanry boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew mynasyp boldy. Şeýle-de döredijilik bäsleşiginde II, III orunlara eýe bolanlara Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Belent ruha beslenen dabarada çykyş edenler Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, janlarynyň sag, başlarynyň dik bolup, il-ýurt bähbitli işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Magtymgula bagyşlanan duşuşyk

22-nji aprelde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy M.Kasymow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr S.Ilamanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr N.Gozlyýewa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty T.Täçmämmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy G.Annanyýazowa dagy çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi belent watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ýaşlary ene dilimiziň baý hazynasyny inçeden öwrenmäge höweslendirmek, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek barada täsirli gürrüň berdiler. Bu ýerde guralan sergide ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap çeken suratlary görkezildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyplary duşuşygy akyldar şahyryň sözlerine

«Türkmen binasy» konserti

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen «Türkmen binasy» atly konsert geçirildi. Dabarada Suhan Tüýliýewiň gargy tüýdük we kirişli saz gurallary orkestri üçin ýazan «Pendi nagmalary» atly eseri, «Uzuklar» atly sazly rowaýatyndan «Näzigiň lälesi» bölümi ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Dünýä, heý» atly wokal toplumyndan Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Ili gözlär», «Pukaraýam», «Ýeldim tut» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda S.Tüýliýewiň wiolonçel we orkestr üçin döreden eseriniň 1-2-nji bölümi, gargy tüýdük we orkestr üçin döreden eseri ýerine ýetirilende, Magtymguly Pyragynyň «Gözelim», «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Begler» atly goşgulary okaldy.

«Atym bar — ganatym bar»

Şeýle at bilen 22-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, erkin suratkeşleriň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň sergisi öz işine başlady.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň muzeýe gezelenji

Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeýde saklanylýan milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda dürli döwürlerde hut Amul galasyndan ýüze çykarylan tapyndylaryň hem 200-e golaýy bar. Halkymyzyň şöhratly taryhyna şaýat bolan tapyndylar ylmy ähmiýete eýedir. Hususan-da, galadan tapylan kümüş we mis teňňeler, terrakotalar, keramiki we toýundan ýasalan gap-gaçlary, olary bişirmek üçin niýetlenilen üç aýakly enjam mirasgärlerde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Pyragydan ruhlanan ussat

25-nji aprelde şeýle at bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirildi. Serginiň açylyş dabarasynda halypa heýkeltaraşlar Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Täjigistan Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargiz Hamidowa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de halypa nakgaşyň gyzy Oguljeren Hajyýewa çykyş etdiler. Olar Aýhan Hajyýewiň belent adamkärçiligi, milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy hem-de ýetişdiren şägirtleri barada aýratyn durup geçdiler. Sergide A.Hajyýewiň dürli ýyllarda döreden, muzeýiň gaznasynda saklanylýan «Alabahar», «Asyrlarboýy edilen arzuwlar hasyl boldy», «Oba gyzlary», «Gäwers düzlügi», «Parahat Zeminde», «Aksakgal», «Ýaşuly», «Harmanda», «Döwür barada oýlanma» we beýleki eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Aýdym-sazlara beslenen dabara

Welaýat ýörite sungat mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda mekdebimizde hereket edýän on üç sany hünär ugurly bölümleriň hünär aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýaşlaryň saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Şeýle-de hor, bagşylar, dutarçylar, kamera, halk saz gurallary orkestrleriniň, aýdymçylaryň, sazandalaryň we «Bagtyýarlyk» tans toparynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Olar çykyşlarynda ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizi, ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, gözel tebigatymyzy  wasp etdiler. «Açyk gapylar» gününiň dabarasynyň soňunda mekdebimiziň «Nakgaşçylyk», «Dizaýn» we «Heýkeltaraşlyk» bölümlerinde hünär öwrenýän talyplaryň  eserleriniň sergisine syn edildi.

Ýaş şäheriň ýaşajyk zehinleri

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň, körpeleriň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Bu şadyýan bäsleşik Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň şu ýyl sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş zehinli çagalary ýüze çykarmaga goldaw berýär. Oňa Arkadag şäherinde terbiýelenýän we bilim alýan zehinli çagalar ýokary ruhubelentlikde hem-de uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaş nesilleriň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaga ajaýyp şert döredýän bäsleşik şatlykly wakalara beslendi. Sungatyň ýaş wekilleri bäsleşigiň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen açyp görkezdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda şadyýan çagajyklar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzy,

Watanymyzyň saýrak bilbilleri

Golaýda «Nebitgaz» medeni işewürlik merkezinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin ählitaraplaýyn ylymly bolmagyň, ösmegiň, durmuşda öz ornuňy tapyp, bagtly bolmagyň ýollary açyk. Munuň şeýledigi ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan syýasatlaryň her birinde aýdyňlygy bilen görünýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljekki ykbalynyň ýaşlaryň zähmetine, ylymda-bilimde, döredijilikde ýeten belent derejelerine baglydygyny yzygiderli belläp, uly ynam bildirýär.

Bedewim

Eýe bolduň beýik mertebä, ada,Kalba ornap ynsanpisint edebiň.Türkmen seniň bilen ýetdi myrada,Tugramyň bezegi bolan bedewim. Taryh gatlarynda görkezip özün,Watançy esgerleň gyzdyrman ýüzün,Halallap mukaddes topragyň duzunBiziň günlerimize gelen bedewim.

«Çalsana, bagşy!»

Bäsleşigiň şäher tapgyry Indi ýylyň-ýylyna däbe öwrülip gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Halkyň ruhy baýlygy

Türkmen dutary. Dutaryň owazy. Bu iki mukaddesligiň ajaýyp sazlaşygynyň netijesinde täsin gudrat döreýär. Türkmeniň dutar ussalarynyň sünnäläp ýasan ajaýyp senedi daş görnüşi bilen özüne çekse, owazy duýgularyňa täsir edip, göwnüňi göterýär. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhynda dutaryň maýyl ediji owazy tutuş adamzady biparh goýman, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyryp gelipdir. Durmuşyna berk ornaşan we aýrylmaz bölegine öwrülen bu gymmatly miras halkyň ruhuny göterip, agyr ýüküni ýeňleden gymmatlykdyr. Dutaryň, aýdym-sazyň halkymyzyň durmuşyndaky orny barada oýlanyp, geçmiş taryhymyza ser salanyňda, dutar bilen agasyny ýesirlikden halas eden Şükür bagşynyň keşbi aňymyzda janlanýar.

Sungata höwesli ýaşlar

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan halkymyz ähli döwürlerde-de saz-söhbet bilen meşgullanyp, toý-baýramlarynyň şüweleňli bolmagyny gazanypdyr. Dutardyr gyjak bilen birlikde, kakylyp hem-de üflenip çalynýan saz gurallarynyň ençemesini ulanypdyr. Häzirki günde hem aýdym-saz sungatymyzyň we saz gurallarynyň inçe tilsimleri çagalar sungat mekdeplerinde okuwçylara öwredilýär. Sungat mekdebimizde dürli saz gurallaryny öwrenmäge ýaş nesil uly höwes bildirýär. Olar bäsleşiklere, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Saz gurallaryna erk etmegiň tilsimlerini ele alan okuwçylarymyzyň birnäçesi okuwlaryny ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirýärler. Munuň özi mekdebimiziň mugallymlarynyň geljekki aýdymçy-sazandalary terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny görkezýär.

Halk bagşysyny hatyralap

Welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň halk bagşysy, mukamçy kompozitor Döwletgeldi Ökdirowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrabynda geçirilen çäreler öz zehini bilen il içinde abraý alan adamlara ajaýyp zamanamyzda uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Hoş owazly bagşyny hatyralap, ilki bilen, etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Çuň many-mazmunly söhbetlere baý bolan çärede D.Ökdirowyň ömri we döredijiligi hakynda edilen gürrüňler, bagşy bilen baglanyşykly ýatlamalar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Sungatym bar — hormatym bar

Maksadymyz myrat bolýar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde tutumly işler bitirilýär. Aýratynam, aýdym-saz sungatyny has kämilligiň derejelerine çykarylmagy ugrunda uly aladalar edilýär. Şeýle tagallalara çagalar sungat mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Guwanjymyz — ýaş zehinler

Ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallasy täze taryhy eýýamda öz netijelerini berýär. Ajaýyp zamanada sungata ýykgyn edýän çagalaryň sany artýar. Sungata höwesli ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýeti bolan çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanyp, barha kämilleşýän ýaşlar bizi diýseň begendirýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» we beýleki aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine, täze röwüşlere beslenmegine goşant goşjak zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

Dostmuhammet, saýrar göýäki bilbil

Islendik bir döwrüň keşbini, syýasy, ykdysady, medeni-ruhy ahwalyny onuň taryhy bilen birlikde çeper edebiýatynda, halk döredijiliginde hem görmek bolýar. Sebäbi döwrüň şahsyýetleri, şahyrlary halkyň durmuşynda, barlyga bolan garaýşynda ýüze çykýan maddy hem-de ruhy zerurlyklarynyň ählisini belli bir düşünjelerde jemläp, ony özleriniň gahrymançylygyna, döredijiligine siňdirýärler. Munuň şeýledigine ÕIÕ asyr türkmen edebiýatyny öwreneniňde hem göz ýetirmek bolýar. Bu döwrüň çeper edebiýatynda esasy zerurlyk hökmünde üç zat — at, ýarag hem-de ýagşy zenan öňe sürlüpdir. Ony döwrüň nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryny okanyňda bu üçlügiň asudalygyň goragy, jemgyýet, bagtly durmuş, ýigit... üçin wajyp zerurlyk bolandygyna akyl ýetirýärsiň. Şahyrlar çeper sözüň üsti bilen şol zerurlyklaryň tarypyny ýetirip, halky agzybirlige, goçaklary Watan goragyna, nesilleri milli hem-de durmuşy dowamata, ahlaklylyga, ynsanperwerlige, umuman, ähli oňynlyklara çagyrypdyrlar, ruhlandyrypdyrlar. Şeýle şahsyýetleriň biri-de änewli ozan şahyr Dostmämmetdir (Dostmuhammetdir). Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly şadiwanynda: «Magtymguly Pyragynyň watançylyk taglymy Dostmämmet şahyryň goşgusynda türkmen taryhyna buýsanjy, şol taryhy döreden il-ulsuň watançylygy bolup ýaşaýar» diýlip beýan edilmegi şahyryň döredijiliginiň gorly hazynadygyny görkezýär

Türkmeniň algyr guşlary

22-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Gözellik meýdançasynda Gadymy, Görnükli, Meleguş, Gözbaş, Edermen, Gaçgyn, Paýhas, Watançy, Gyzykly ýaly arassa ganly ahalteke atlarynyň ýigrimisi bäsleşdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda eminler topary ahalteke bedewleriniň asyl nusgaly syn-sypatyna, beden agzalarynyň sazlaşygyna we görküne, olaryň täsin hereketlerine, ýorgalaýyşlaryna, şeýle-de atyň milli şaý-sepler bilen bezelişine, eýer-esbabynyň owadanlygyna 10 ballyk kesgitleme esasynda öz bahalaryny berdiler.