«Atda wepa-da bar, sapa-da»

25 Aprel 2024
532

24-nji aprelde Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar türkmen bedewini wasp edýän goşgularydyr makalalary bilen gatnaşdylar. Poeziýa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna şahyr Öwez Gurbanýazow, makala žanry boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew mynasyp boldy. Şeýle-de döredijilik bäsleşiginde II, III orunlara eýe bolanlara Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Belent ruha beslenen dabarada çykyş edenler Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, janlarynyň sag, başlarynyň dik bolup, il-ýurt bähbitli işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.