Aýdym-sazlara beslenen dabara

25 Aprel 2024
382

Welaýat ýörite sungat mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda mekdebimizde hereket edýän on üç sany hünär ugurly bölümleriň hünär aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýaşlaryň saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Şeýle-de hor, bagşylar, dutarçylar, kamera, halk saz gurallary orkestrleriniň, aýdymçylaryň, sazandalaryň we «Bagtyýarlyk» tans toparynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Olar çykyşlarynda ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizi, ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, gözel tebigatymyzy  wasp etdiler.

«Açyk gapylar» gününiň dabarasynyň soňunda mekdebimiziň «Nakgaşçylyk», «Dizaýn» we «Heýkeltaraşlyk» bölümlerinde hünär öwrenýän talyplaryň  eserleriniň sergisine syn edildi.

Annagül Balkanowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.