Ýaş şäheriň ýaşajyk zehinleri

25 Aprel 2024
923

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň, körpeleriň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Bu şadyýan bäsleşik Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň şu ýyl sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş zehinli çagalary ýüze çykarmaga goldaw berýär. Oňa Arkadag şäherinde terbiýelenýän we bilim alýan zehinli çagalar ýokary ruhubelentlikde hem-de uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaş nesilleriň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaga ajaýyp şert döredýän bäsleşik şatlykly wakalara beslendi. Sungatyň ýaş wekilleri bäsleşigiň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen açyp görkezdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda şadyýan çagajyklar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzy,

Gyzylgül AMANLYÝEWA.
«Arkadag».