Sungata höwesli ýaşlar

24 Aprel 2024
762

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan halkymyz ähli döwürlerde-de saz-söhbet bilen meşgullanyp, toý-baýramlarynyň şüweleňli bolmagyny gazanypdyr. Dutardyr gyjak bilen birlikde, kakylyp hem-de üflenip çalynýan saz gurallarynyň ençemesini ulanypdyr. Häzirki günde hem aýdym-saz sungatymyzyň we saz gurallarynyň inçe tilsimleri çagalar sungat mekdeplerinde okuwçylara öwredilýär.

Sungat mekdebimizde dürli saz gurallaryny öwrenmäge ýaş nesil uly höwes bildirýär. Olar bäsleşiklere, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Saz gurallaryna erk etmegiň tilsimlerini ele alan okuwçylarymyzyň birnäçesi okuwlaryny ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirýärler. Munuň özi mekdebimiziň mugallymlarynyň geljekki aýdymçy-sazandalary terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny görkezýär.

Aýbibi Amantaganowa,
Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.