Bedewim

24 Aprel 2024
564

Eýe bolduň beýik mertebä, ada,
Kalba ornap ynsanpisint edebiň.
Türkmen seniň bilen ýetdi myrada,
Tugramyň bezegi bolan bedewim.

Taryh gatlarynda görkezip özün,
Watançy esgerleň gyzdyrman ýüzün,
Halallap mukaddes topragyň duzun
Biziň günlerimize gelen bedewim.

Bazar ŞALYÝEW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.