25-nji aprelde şeýle at bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirildi.
Serginiň açylyş dabarasynda halypa heýkeltaraşlar Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Täjigistan Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargiz Hamidowa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de halypa nakgaşyň gyzy Oguljeren Hajyýewa çykyş etdiler. Olar Aýhan Hajyýewiň belent adamkärçiligi, milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy hem-de ýetişdiren şägirtleri barada aýratyn durup geçdiler. Sergide A.Hajyýewiň dürli ýyllarda döreden, muzeýiň gaznasynda saklanylýan «Alabahar», «Asyrlarboýy edilen arzuwlar hasyl boldy», «Oba gyzlary», «Gäwers düzlügi», «Parahat Zeminde», «Aksakgal», «Ýaşuly», «Harmanda», «Döwür barada oýlanma» we beýleki eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy.