"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary!

Eziz Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryny gyzgyny bilen beýan edýän «Watan» gazetine 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygyna başlanandygyny habar berýäris. Hepdede üç gezek çap edilýän gazetimiziň sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler şöhlelendirilýär. Şeýle hem redaksiýamyzyň agzybir işgärleri dürli temalary öz içine alýan gyzykly makalalary, söhbetdeşlikleri, oçerkleri, hekaýalary, goşgulary okyjylarymyzyň dykgatyna hödürleýärler.

Halklary dostlaşdyrýan sungat

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda halkara çäre geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, teatr artistleri, aýdymçylar, döredijilik işgärleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, ilçihananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler bu günki dabaranyň türkmen-gazak medeni hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, iki doganlyk halkyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gatnaşyklarynyň has-da rowaçlanýandygyny bellediler. Halkara çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gazak halkynyň meşhur “Abaý” operasyndan ýerine ýetiren eserleri has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de ýurdumyzyň tanymal aýdymçylaryna meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaý ulunyň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli onuň «Ýelsiz gije ýagty Aý» atly goşgusyna döredilen aýdymy ýokary derejede ýerine ýetirendikleri üçin Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Sowgadyň ulusy (Gülküli kyssa)

Doglan gününiň golaýlaşyp gelýän günleriniň birinde agşam naharyndan soň telewizora seredip, çaý içip otyrkak aýalym: «Maňa bu doglan günümde näme sowgat ederkäň?!» diýende, onuň öňki ýyllarda edilen sowgatlardan nägiledigini sesinden aňdym. Sebäbi her doglan gününde oňa öýe gerek bolan gap-gaçlary sowgat ederdim. Juda bolmanda öňi-soňy alyp berilmeli köýneklik matany, köwşi ýa-da başga bir eşigi eýdip-beýdip doglan gününe, zenanlaryň baýramyna gabatlardym. Şonuň üçin, onuň öýkesini aňyp duramsoň, uly bir zat pyşgyrman: «Aý, bir zatlary alaryn-da» diýip, gümmi-sümmi eden boldum-da oňaýdym. O-da haýsydyr bir zadyň adyny tutdurjak bolup durmady. Onuň şeýtmedigine içimden begenenem bolsam, şol günden başlap: «Şu sapar muňa «Bäh» diýdiren bir sowgat alyp bermesem bolmaz. Özem tegelek ýaş. Goý, ömrüne ýadyndan çykmasyn» diýen pikir serimden aýrylmady. Ýöne «Näme almaly?» diýen sorag boýnuny egreldip öňümden çykanda oňa jogap tapman, menem onuň özi ýaly boýnumy egreldip duruberipdirin. Eger aňyrrakdan gelýän geýnüwli gelne gözüm düşmedik bolanlygynda ýene-de näçe durjagym belli däl ekeni. Meniň ünsümi çeken ol gelniň özi däl-de, haýsydyr bir nätanyş jandaryň derisinden tikilen, topugyna ýetip duran gytyjak tüýli paltosydy. Ol paltonyň sähelçe ýagtylyga-da öwşün atyp durşy, gelniň boýny ýok ýaly edip duran, adaja herekete-de tolkun atýan başga bir üýtgeşik deriden edilen ýakasy özüne

Şu günki çaga — ertirki şahsyýet

Redaksiýadan: Çaganyň dünýä inmegi maşgala durmuşynda iň möhüm, ene-ata we beýleki maşgala agzalary üçin şatlykly wakadyr. Ol ömürboýy uly jogapkärçiligi talap edýär. Dünýä inen perzende irginsiz seretmek, söýgi, üns-alada bilen gurşamak hem mynasyp terbiýe bermek ene-atalaryň çaganyň, maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borjudyr. Her bir maşgalanyň düzgün-tertibiniň, duýgy-düşünjesiniň we pikir-garaýyşlarynyň tapawutlylygyny nazara alyp, çaga psihologiýasyny öwrenmäge ençeme ýyllaryň dowamynda irginsiz zähmeti sarp eden psihologlaryň maslahatlarynadyr görkezmelerine eýermek maksadalaýykdyr. Munuň özi ene-atalaryň, ylaýta-da, ýaş maşgalalaryň çaganyň ruhy dünýäsine we zerurlyklaryna düşünmegine, ony dogry ýola gönükdirmegine hem kämil şahsyýet edip kemala getirmegine ýardam edýär. Şunda her bir çaga onuň öz hüý-häsiýetine laýyk çemeleşme zerurdyr. Gazetimizde täze döredilen «Şu günki çaga — ertirki şahsyýet» atly rubrikamyzyň astynda dünýä belli çaga psihologlarynyň maslahatlaryny, kitaplaryny we ylmy netijelerini okyjylarymyz bilen paýlaşyp, terbiýe bermegiň psihologik nukdaýnazaryny açyp görkezmegi maksat edindik.

Öýüň görki, toýuň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösýär, dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge ýaşaýşymyzyň baş mazmunyna öwrüldi. Öý-ojagyň söýesi bolan ene-atanyň mertebesi, arzuwlary, yhlasy olaryň maşgala mukaddesligine goýýan ebedi sarpasynyň beýanydyr. Ýürekleri buýsançdan doly maşgala eýeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ertiriniň abadanlygyny üpjün etjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy daýanjy hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň iň asylly adamkärçilik ýörelgelerine ygrarly nesilleriň kemala gelmeginde zenanyň ornuna uly baha berýär. Munuň özi zenanlaryň jemgyýetiň ösüşine has jogapkärli çemeleşip, Watanymyzyň geljegi hakynda düýpli aladalanmagyny esasy ýörelge hökmünde öňe çykarýar.

Sazlar onuň ykbalyny bezeýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pederlerimizden miras galan medeniýetimiz, sungatymyz täze öwüşgine eýe boldy. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan aýdym-saz sungatynda bu has äşgär ýüze çykdy. Bu hakykata gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan, saz sungatyny öwreniji Myratgeldi Rahymowyň makalalaryny okanymyzda hem göz ýetirýäris. Halypanyň döredijilik dünýäsi, külterlän ömür menzilleri nesillere nusga. Onuň çagalygy Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda geçdi. Obadaşy Öwlüýäguly bagşynyň, agasy Rejep bagşynyň goldawy bilen ol kiçiliginden aýdym-saz sungatyna imrigip başlaýar. Orta mekdebi üstünlikli tamamlap, ilki Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini, soňra Türkmen döwlet sungat institutynyň opera aýdymçysy bölümini tamamlaýar. Türkmenistanyň halk artistleri Aýdogdy Gurbanow, Weli Muhadow, Orazmyrat Amanmyradow, Oraz Hajymyradow, Nury Muhadow ýaly ussatlaryň gymmatly maslahatlaryny we sapaklaryny erjellik bilen özleşdirýär.

Ussatlardan tälim alan

Teatr sungatyna ykbalyny baglan döredijilik işgärleri bilen söhbetdeş bolmak, olaryň täsirli gürrüňlerini diňlemek örän ýakymly. Olar yhlasly zähmeti, tebigy zehini, ussatlygy bilen sahna eserlerini döredip, tomaşaçylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrýarlar. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi Ogulbossan Ýazjumaýewa hem teatrda goýulýan sahna oýunlarynda ajaýyp keşpleri janlandyryp, öz muşdaklarynyň göwnünden turmagy başarýan sahna ussady. Heniz mekdepde okaýarka onda teatr sungatyna bolan höwes döreýär.  Ol orta mekdebi üstünlikli tamamlap, teatra işe gelýär. Teatryň şol wagtky direktory, Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Kadyrberdi Atabaýewiň tagallasy bilen işinde kämilleşýär. Ogulbossan özünde teatr sungatyna bolan söýgini, höwesi oýaran Kadyrberdi Atabaýewi ilkinji halypasy saýýar. Ol soňra režissýor A.Taňňanowyň «Aperin» atly oýnunda ilkinji keşbini döredýär.

Tans ― gözelligiň sungaty

Näme üçin adamzat toýlarynyň aglaba böleginde tans etmegi saýlap aldyka? Özem bu diňe bir ýa iki millete mahsus aýratynlyk däl. Dünýä halklarynyň tas ählisiniň diýen ýaly toýlary aýdym-sazsyz, tanssyz geçenok. Şolaryň ornuny alaga-da başga bir gyzykly güýmenje bilen çalşyp bolarmy? Bolar, ýöne bu dabara toý diýip bolmaz. Biz soňky döwürleriň gürrüňini edemzok. Geçmişde-de toýlarymyz küştdepdisiz, çapaksyz we ýene-ýenesiz geçmändir. Garaz, tans diýilýän sungat Ýer ýüzünde peýda bolaly bäri, adamy biygtyýar özüne baglapdyr. Ýene uly toý ýetip gelýär. Şu ýyl Lebap topragynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň şan-şöhratyny dünýä ýaýjak öwüşginleriň biri hem tans sungaty bolar. Şeýle bolansoň, welaýatymyzyň tans toparlary bu hepdelige eýýäm şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Biz bolsa bu ýazgylary şol toparlaryň haýsydyr birine däl-de, olaryň agzalarynyň köpüsiniň halypasynyň alyp barýan işlerine bagyşlamagy makul bildik.

Paýhas dünýäsi

Garaşsyzlyk ýyllary içinde alymlardyr tejribeli kitaphanaçylar ýurdumyzyň kitaphanalarynyň taryhy, şu güni we geljegi baradaky ylmy işlere ünsi güýçlendirdiler. Türkmen kitabynyň we kitaphanalarynyň taryhy ýoluny açmaga we ony öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzda uly-uly, gadymy kitaphanalaryň bolandygy mälim edildi. Şeýle ylmy işleri esaslandyrmakda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň, welaýat kitaphanalarynyň orny uludyr. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasy 1992-nji ýyldan — institut açylan wagtyndan bäri hereket edýär. Kitaphananyň umumy okyjy ýeri 98 adama niýetlenen. Jemi okyjy sany 1762 adam. Baş binada okalga zaly hem döwürleýin neşirler bölümçesi, umumy ýaşaýyş jaýynda bolsa kitaphananyň şahamçasy ýerleşýär.

Her çitimi bir kyssa

Dokmaçylygyň iň esasy görnüşleriniň biri bolan halyçylyk senedini türkmen halky has irki döwürlerden bäri dowam etdirip gelipdir. Ir döwürlerde türkmen maşgalalarynyň, öýleriniň her birinde diýen ýaly haly dokalýan eken. Türkmen zenanlary özleriniň irginsiz zähmeti, çylşyrymly bolmadyk, sadaja gurallary bilen dokma önümleri bolan halylaryň, palaslaryň, ketenileriň, el torbalarynyň dürli görnüşlerini dokapdyrlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk sungatyna berilýän üns-alada has-da artdy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, şäherlerimizde, obalarymyzda «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň kärhanalary öndürijilikli işleýär. Şeýle hem halyçylyk senedini öýünde, maşgalasynda ýöredýän gelin-gyzlarymyzyň sanardan kändigini aýtmak gerek. Dokmaçylyk senedi, halyçylyk sungaty halkymyzyň şöhratly taryhy bilen bagly bolup, hala salynýan nagyşlaryň her biriniň çuň many-mazmuny bar. Olar görnüşi boýunça birnäçe toparlara bölünýär. Olardan tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gözelligini öz içine alýan «Keýik», «Kejebeli kerwen», «Düýe», «Düýedaban göli», «Ýylan», «Balyk teňňe», «Towşan yzy», «Öküz», «Gurbagaly gölçesi», «Goçbuýnuz» ýaly nagyşlary mysal getirmek bolar. Haly nagyşlarynyň içinde ösümlikler bilen baglanyşykly nagyşlaryň hem ençemesi bar. Olardan «Gürmek», «Perre gül», «Badam gül», «Badam», «Bugdaý bogun», «Güjümli» ýaly nagyşlar h

Medeniýet — göwünleriň ganaty

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy has-da kämilleşdirilýär, ony mundan beýläk hem ösdürmek üçin aladalar edilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeginde bina edilýän, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary ol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge, bu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Daşary ýurtlar bilen medeni çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Muňa halkara festiwallary, ylmy-döredijilik maslahatlary we beýleki möhüm çäreleri mysal görkezmek bolar. Bu çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk köprüsini berkidýär, dünýä medeniýetiniň gazananlary bilen içgin tanyşmaga, şeýle hem medeniýetimizi we sungatymyzy giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär.

Nepisligiň nusgasy

Gelin kürtesi. Ol türkmen zenanlarynyň uz barmaklarynyň gudraty bilen, reňkleriň hem nagyşlaryň özara sazlaşygyndan döreýän ajaýyp sungat. Meger, bu gözellik başga hiç bir milletde ýok bolsa gerek. Kürte durmuşa çykýan gyzyň esasy toý lybaslarynyň biri bolup, ol gyzlyk dünýäsi bilen gelinlik döwrüniň arasyny birikdirýär. Toý gününde çaprazçaňňasyny şaňňyrdadyp, dähedem-dessemläp, gapydan girip gelýän gelniň, ilki bilen başyna atynan gyzyl kürtesinde gözüň eglenýär. Birkemsiz bejerilen kürtäniň keşdeleriniň arasynda hiç bir boşluga gözüň düşmez. Zenan kalbynyň syrly nagyşlaryna bezelen bu milli lybasymyz ýazyň gül-gülälekli meýdanlaryny ýatladyp, älemgoşar öwüşgini bilen göreniň gözüni gamaşdyrýar. Ene-mamalarymyzdan miras galan ol gözelligiň biriniň — mähriban Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň, ýagny 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylandygy baradaky hoş habar köňüllerimize üýtgeşik nur çaýdy. Ogulabat ejäniň kürtäni baldyzy üçin niýetläp bejermegi, onuň maşgalasynda gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz gatnaşyklaryndaky sylag-hormaty, agzybirligi aňlatsa, «iňňe bilen guýy gazan ýaly» inçe senediň bary-ýogy ýigrimi günüň içinde taýýar edilmegi bolsa el işine ökde zenanyň ussatlygyndan, zehin-başarnygyndan nyşandyr.

Ertekiler — terbiýe mekdebi

Çaga — durmuşyň bezegi, ömrümiziň manysy. Çaga — biziň geljegimiz. Geljegimiziň ähli babatda gowulyklara beslenmegi üçin biziň çagalarymyzyň terbiýesine şu günden uly üns bermegimiz zerurdyr. Muny türkmeniň terbiýeçilik mekdebine nazar aýlanyňda-da, «Çagany ýaşdan...», «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen ýaly nakyllaryň üsti bilen hem bilýäris. Hut şol aýdylanlary durmuş ýüzünde amal etmek maksady bilenem ata-babalarymyz çaga terbiýesiniň has siňňitli usullaryny — ertekileri, matallary, sanawaçlary we beýlekileri döredipdirler. Sanawaçlardyr ýaňyltmaçlar çaganyň dil taýdan ösmegini, diliniň ýenjilmegini nazarlaýan bolsa, matallar körpejäniň aňynyň, pikirlenişiniň ösmegine gönükdirilendir. Çaganyň ýatkeşligini, göz öňüne getirijiligini, logiki pikirleniş ukybyny terbiýelemekde ertekileriň ähmiýeti örän uludyr. Biz ertekileri çagalara diňe bir gürrüň berip oňamyzok-da, olara diňlän wakalaryny gürrüň bermegi öwredýäris. Şunda çaganyň wakalaryň içinden gowy bilen erbedi saýlap biliş ukybyny barlamak üçin sowallary berýäris. Bu türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän terbiýe mekdebinde bar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Türkmen halk ertekileri” kitaplary çagalaryň iň bir ýakyn dostuna öwrüldi. Ol ertekilerdäki Akpamyk, Ýartygulak, Aýazhan... ýaly gahrymanlaryň üsti bilen biz çagalara agy-garany saýgarmagy, erbetlikden daşda bolmagy, gowa ýakyn durmagy öwr

Kalplara uzaýan ýol

Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýmek bilen, milli gymmatlyklarymyza eýlenen medeniýetimize halkyň ýüreginiň sesidigi baradaky pelsepäni orta atýar. Hut şonuň üçin-de ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz özüniň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumyny kesgitledi. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe ykdysady babatdan däl, eýsem, ruhy we medeni babatda kuwwatly ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, bu ulgamda toplumlaýyn özgertmeleri geçirmek, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeler bar. Bu babatda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda, edebiýatda, sungatda, döredijilik adamlarynyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp özgerişliklere näçe diýseň mysal bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdyran täzeçillikleriniň biri-de her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligidir. Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilip başlananyna taryhy nukdaýnazardan kän wagt bolmandygyna garamazdan, göýä asyrlar içre dowam edip gelýän dessur ýaly durmuşymyzdan mäkäm orun aldy. Şonuň ýaly-da ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde her ýylyň 27-nji iýu

Aşgabadyň «Ylhamy»

Adamda bir aýratynlyk bar, ol haýsydyr bir zat barada söz açjak bolsa, meňzetme ulananyny duýman galýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza yzlyyzyna bagyş edýän ajaýyplyklaryny biz üýtgeşik täsinligede, ertekäde, gudratada... meňzedýäris. Ajaýyp zamanamyzda söz baýlygymyzyň içine täsinlik bilen manydaş, ýa bolmasa şoňa meňzeşräk bolan sözler, düşünjeler indi ymykly ornady. Ýöne biz ýurdumyzda amala aşyrylýan özgerişlikler barada, köplenç umumy düşünjäni — söýgini ulanýarys we ony ähli beýiklikleriň çür başyna çykarýarys. Söýgi — bu barlyga, äleme... kalbyň iň owadan tarapyny açyp görkezmek. Ine, hormatly Prezidentimiziň berkararlyk ýoly barada diňe söýgi bilen baglanyşdyryp söz açýandygymyzyň aňyrsyndaky gudratam şonda. Söýginiň iň naýbaşylarynyň biri Watana bolan söýgüdir. Ol söýgini kimler goşgy setirlerinde beýan etse, ýene birleri munuň üçin sungatyň başgabaşga ýollaryny gözleýär. Ýöne Watana söýgiňi beýan etmegiň iň ýakyn ýoly — oňa kalp yssyňy, ýürek yhlasyňy bagyş etmek. Ýürekden çykan päk, perzentlik söýgüsi siňdirilen işler, ululygynakiçiligine garamazdan, ertirleriň röwşenligini artdyrýar. Şonuň üçinem Watan söýgüsine ýugrulyp amala aşyrylan işler halkyň, nesilleriň ýüreginde baky ýaşaýar.

Çagalar — nurana geljegiň binýady

Mähriban Arkadagymyz Çagalary goramagyň halkara gününde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi.

Şygryýet älemi

Buşlukçy Goňşularna ylgap barýar gyzjagaz:Begenjini illere-de aýtmaly.Gün giçlik bolmanka, kakasy bilenmamalaryna-da baryp gaýtmaly.

El hünäri il gezer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmegi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellemek barada Kararnamany kabul etmegi bizi buýsandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly ösüşlere, rowaçlyklara we toýdur baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köpugurlydyr. Türkmeniň milli egin-eşikleri halkymyzyň milli medeniýetiniň, däp-dessurynyň özboluşly aýratynlygyny beýan edýär. Aýratyn hem, gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri gadymylygy bilen dünýä bellidir. Bu egin-eşikler asyrlaryň dowamynda öz durkuny doly saklap gelipdir.

Şägirt halypadan ozdurmasa…

Il içinde terbiýeçilik äheňindäki parasatly jümleler köp ulanylýar. Şolaryň biri-de islendik kärdäki adama degişli bolan «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýenleridir. Bu pähime eýerip, bagşyçylygyň ärsary ýolundan aýdym aýdyp, saz çalýan, diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýan ussat bagşy-sazandalar Lebap ilinde-de örän köp. Irki döwürlerde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Jeýhunyň goşa kenarynda hem halypa-şägirtlik mekdebine uly üns beripdirler. Ussat halypalarymyz aýdym-saz öwrenmäge höwesi bolan ýaşlaryň yhlasyna, zehinine, ukybyna, ýatkeşligine, gylyk-häsiýetlerine garap, şeýle-de seslerini diňläp görüp, olary şägirtlige seçip alypdyrlar. Halypalar özlerine şägirtleri seçip alan ilkinji gününden başlap, ýaşlara hoşniýetliligi, pespälligi ündäpdirler, saýlap alan senedinde yzygiderli kämilleşmegi sargapdyrlar. Şonuň ýaly-da aýdym-saza başlamazdan öň pir-ussatlary ýatlamagy, olaryň hatyrasyna doga-dileg etmegi pent edipdirler. Şeýdip ýaş şägirtleriniň kalplarynda uly ynam döredipdirler. Şolar ýaly güýçli ynama eýe bolan şägirtleriň öňünde bolsa, aýdym-saz ummanynyň gapysy giňden açylypdyr. Ussat bagşy-sazandalar kemala gelipdirler we aýdym-saz sungatymyzy ösdüripdirler, baýlaşdyrypdyrlar, bu jadyly senediň inçeliklerini halypa-şägirtlik mekdebiniň üsti bilen nesillerden-nesillere geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler.

Göwünleri galkynan halyçylar

Öňňin Türkmen halysynyň milli muzeýinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ussat halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde öz beýanyny tapýar. Şunda, ýagny halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr.