Ussatlardan tälim alan

7 Iýun 2021
833

Teatr sungatyna ykbalyny baglan döredijilik işgärleri bilen söhbetdeş bolmak, olaryň täsirli gürrüňlerini diňlemek örän ýakymly. Olar yhlasly zähmeti, tebigy zehini, ussatlygy bilen sahna eserlerini döredip, tomaşaçylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrýarlar. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi Ogulbossan Ýazjumaýewa hem teatrda goýulýan sahna oýunlarynda ajaýyp keşpleri janlandyryp, öz muşdaklarynyň göwnünden turmagy başarýan sahna ussady.

Heniz mekdepde okaýarka onda teatr sungatyna bolan höwes döreýär.  Ol orta mekdebi üstünlikli tamamlap, teatra işe gelýär. Teatryň şol wagtky direktory, Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Kadyrberdi Atabaýewiň tagallasy bilen işinde kämilleşýär. Ogulbossan özünde teatr sungatyna bolan söýgini, höwesi oýaran Kadyrberdi Atabaýewi ilkinji halypasy saýýar. Ol soňra režissýor A.Taňňanowyň «Aperin» atly oýnunda ilkinji keşbini döredýär.

Akjemal ŞIROWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.