Medeniýet — göwünleriň ganaty

4 Iýun 2021
1074

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy has-da kämilleşdirilýär, ony mundan beýläk hem ösdürmek üçin aladalar edilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeginde bina edilýän, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary ol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar.

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge, bu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Daşary ýurtlar bilen medeni çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Muňa halkara festiwallary, ylmy-döredijilik maslahatlary we beýleki möhüm çäreleri mysal görkezmek bolar. Bu çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk köprüsini berkidýär, dünýä medeniýetiniň gazananlary bilen içgin tanyşmaga, şeýle hem medeniýetimizi we sungatymyzy giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär.

Durdymyrat BABANYÝAZOW,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy.