El hünäri il gezer

2 Iýun 2021
1675

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmegi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellemek barada Kararnamany kabul etmegi bizi buýsandyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly ösüşlere, rowaçlyklara we toýdur baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köpugurlydyr. Türkmeniň milli egin-eşikleri halkymyzyň milli medeniýetiniň, däp-dessurynyň özboluşly aýratynlygyny beýan edýär. Aýratyn hem, gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri gadymylygy bilen dünýä bellidir. Bu egin-eşikler asyrlaryň dowamynda öz durkuny doly saklap gelipdir.

Gülşirin ORAZNOBATOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiri.