Şägirt halypadan ozdurmasa…

2 Iýun 2021
999

Il içinde terbiýeçilik äheňindäki parasatly jümleler köp ulanylýar. Şolaryň biri-de islendik kärdäki adama degişli bolan «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýenleridir. Bu pähime eýerip, bagşyçylygyň ärsary ýolundan aýdym aýdyp, saz çalýan, diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýan ussat bagşy-sazandalar Lebap ilinde-de örän köp.

Irki döwürlerde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Jeýhunyň goşa kenarynda hem halypa-şägirtlik mekdebine uly üns beripdirler. Ussat halypalarymyz aýdym-saz öwrenmäge höwesi bolan ýaşlaryň yhlasyna, zehinine, ukybyna, ýatkeşligine, gylyk-häsiýetlerine garap, şeýle-de seslerini diňläp görüp, olary şägirtlige seçip alypdyrlar. Halypalar özlerine şägirtleri seçip alan ilkinji gününden başlap, ýaşlara hoşniýetliligi, pespälligi ündäpdirler, saýlap alan senedinde yzygiderli kämilleşmegi sargapdyrlar. Şonuň ýaly-da aýdym-saza başlamazdan öň pir-ussatlary ýatlamagy, olaryň hatyrasyna doga-dileg etmegi pent edipdirler. Şeýdip ýaş şägirtleriniň kalplarynda uly ynam döredipdirler. Şolar ýaly güýçli ynama eýe bolan şägirtleriň öňünde bolsa, aýdym-saz ummanynyň gapysy giňden açylypdyr. Ussat bagşy-sazandalar kemala gelipdirler we aýdym-saz sungatymyzy ösdüripdirler, baýlaşdyrypdyrlar, bu jadyly senediň inçeliklerini halypa-şägirtlik mekdebiniň üsti bilen nesillerden-nesillere geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler.

Mährem JUMAÝEW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.