Sazlar onuň ykbalyny bezeýär

7 Iýun 2021
939

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pederlerimizden miras galan medeniýetimiz, sungatymyz täze öwüşgine eýe boldy. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan aýdym-saz sungatynda bu has äşgär ýüze çykdy. Bu hakykata gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan, saz sungatyny öwreniji Myratgeldi Rahymowyň makalalaryny okanymyzda hem göz ýetirýäris. Halypanyň döredijilik dünýäsi, külterlän ömür menzilleri nesillere nusga.

Onuň çagalygy Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda geçdi. Obadaşy Öwlüýäguly bagşynyň, agasy Rejep bagşynyň goldawy bilen ol kiçiliginden aýdym-saz sungatyna imrigip başlaýar. Orta mekdebi üstünlikli tamamlap, ilki Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini, soňra Türkmen döwlet sungat institutynyň opera aýdymçysy bölümini tamamlaýar. Türkmenistanyň halk artistleri Aýdogdy Gurbanow, Weli Muhadow, Orazmyrat Amanmyradow, Oraz Hajymyradow, Nury Muhadow ýaly ussatlaryň gymmatly maslahatlaryny we sapaklaryny erjellik bilen özleşdirýär.

Mahym ROZYÝEWA.