Şu günki çaga — ertirki şahsyýet

7 Iýun 2021
1011

Redaksiýadan:

Çaganyň dünýä inmegi maşgala durmuşynda iň möhüm, ene-ata we beýleki maşgala agzalary üçin şatlykly wakadyr. Ol ömürboýy uly jogapkärçiligi talap edýär. Dünýä inen perzende irginsiz seretmek, söýgi, üns-alada bilen gurşamak hem mynasyp terbiýe bermek ene-atalaryň çaganyň, maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borjudyr. Her bir maşgalanyň düzgün-tertibiniň, duýgy-düşünjesiniň we pikir-garaýyşlarynyň tapawutlylygyny nazara alyp, çaga psihologiýasyny öwrenmäge ençeme ýyllaryň dowamynda irginsiz zähmeti sarp eden psihologlaryň maslahatlarynadyr görkezmelerine eýermek maksadalaýykdyr. Munuň özi ene-atalaryň, ylaýta-da, ýaş maşgalalaryň çaganyň ruhy dünýäsine we zerurlyklaryna düşünmegine, ony dogry ýola gönükdirmegine hem kämil şahsyýet edip kemala getirmegine ýardam edýär. Şunda her bir çaga onuň öz hüý-häsiýetine laýyk çemeleşme zerurdyr. Gazetimizde täze döredilen «Şu günki çaga — ertirki şahsyýet» atly rubrikamyzyň astynda dünýä belli çaga psihologlarynyň maslahatlaryny, kitaplaryny we ylmy netijelerini okyjylarymyz bilen paýlaşyp, terbiýe bermegiň psihologik nukdaýnazaryny açyp görkezmegi maksat edindik.

Taýýarlan Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».