Halkara ýaryşdaky üstünlik

14 Iýun 2024
66

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportunyň täze belentliklere çykyp, türgenlerimiziň ýeňişli ýolunyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda edýän uly tagallalary, döredýän giň şertleri türkmen sportunyň beýik maksatlara uzaýan ýoluna ýagty saçýar.

Şunuň netijesinde halkara sport giňişliginde gazanylýan üstünlikler bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyny joşduryp, berkarar Watanymyza buýsanjyny artdyrýar. Bu gün türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, netijeleri hakyndaky hoş habarlaryň yzygiderli gelip gowuşmagy her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Biziň sport mekdebimiziň türgenleriniň hem şeýle üstünliklere şärik bolmagy başarýandyklary guwandyrýar.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.