Türgenlerimiziň şowly çykyşy

14 Iýun 2024
81

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde hereket edýän sport görnüşleriniň biri-de dzýudo bolup, bu görnüş boýunça ýörite meýilnama esasynda dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär.

6 — 9-njy iýunda sport mekdebimiziň Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri şowly çykyş etdiler. Kakajan Ýagşymyradow 60 kg, Myrat Atabaýew +66 kg agramlarda öňdäki orna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem Muhammetýar Ahmedow 66 kg, Merdan Taýjanow +90 kg agramlarda 2-nji orny eýelediler. Gurbanmuhammet Populow (66 kg), Islammuhammet Annadurdyýew (+66 kg), Bagtyýar Populow (+66 kg), Hemra Aýmuhammedow (81 kg), Şöhrat Küşliýew (81 kg) hem-de Serdar Ýagşymyradow (100 kg) 3-nji orunlary eýelemegi başardylar.

Rahym AGAÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň müdiri.