Sarpasy belent akyldar

14 Iýun 2024
85

Türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussadynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyrdyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň kalbyndan däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy.

Şahyryň umumadamzat ähmiýetli wagyz-nesihatlary häzirki bagtyýar zamanamyzda-da öz ähmiýetini ýitirenok. Onuň ahlaklylyk, lebzihalallyk, sabyr-kanagatlylyk, haýyr-sahawatlylyk, watançylyk, mertlik baradaky öwüt-ündewleri ulular üçin-de, ýaşlar üçin-de gymmatly çeşmedir.

Aýjahan DURDYMEREDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.