Beýik söz ussady

14 Iýun 2024
54

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler dünýäniň çar künjeginde giň gerimde ýaýbaňlanýar. Bu türkmen halkynyň beýik ogluna Ýer ýüzünde uly hormat-sarpanyň goýulýandygynyň, akyldar şahyrymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň ýedi yklyma dolandygynyň nyşanydyr. Söz ussadynyň ebedilige ýaran bolan döredijiliginiň, watançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, halallyk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, sagdynlyk, belent adamkärçilik ýaly kämil garaýyşlarynyň bütin adamzadyň kalbynda orun alandygynyň güwäsidir.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde taýýarlanan «Magtymguly» atly saýlanan eserler ýygyndysynyň neşir edilmegini hem zamanamyzyň ajaýyp wakasy hökmünde häsiýetlendirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň üç dilde çap edilmeginiň söz ussadynyň Ýer ýüzüniň ähli künjeklerindäki okyjylary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Şahyryň täze neşir edilen eserler ýygyndysy Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda nusgalyk işleriň dowamat-dowamdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dana şahyrymyzyň deňsiz-taýsyz şygyrlary halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde hem uly ähmiýete eýedir.

Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.