Hakydalarda ýaşaýan gerçek

14 Iýun 2024
79

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hakydalarymyzda baky ýaşaýar. Şol galagoply günleri ýatlamak ýeňil bolmasa-da, mahal-mahal ýatlamalar kölüne batanyňy duýman galýarsyň. Çünki gerçek ýigitlerimiz Watan goragynda gahrymançylyk görkezseler, zenanlarymyz, oglan-uşak tylda zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny miras goýdular. Merdana halkymyz öz ezizlerini unutmaýar we olary uly hormat bilen ýatlaýar. Biziň bu günki söhbedimiz şeýle Watan goragçylaryň biri Mädeli Tegelekow hakynda bolar...

Paşşy serdaryň hormatyna ýardam edilip, ogly Tegelek serdaryň 14 öýli dogan-garyndaşlary bilen 1894-nji ýylda göçülip gelnen, Oguzlaryň deresiniň iki dagyň agzyndaky tekiz meýdanda düýbi tutulan Artyk obasynda 1913-nji ýylda Paşşy serdar ogly Tegelek serdaryň (azan ady Berdimyrat) we Täçsoltanyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Tegelek serdar öz kowmundan bolan, şol döwürde abraýly din wekilleriniň biri Gylyçnyýaz karyny çagyryp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, kakasynyň goňşy dag etegindäki dosty gala hanynyň hormatyna Mädeli diýip at dakýarlar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.