Dün­ýä çem­pio­ny­nyň Di­ýa­ry­myz­da­ky gün­le­ri

14 Iýun 2024
63

1971-nji ýylyň ýaz pasly küşt boýunça dünýä çempiony Mihail Botwinnigiň ýurdumyza gelendigi sebäpli bu gadymy oýna dahylly ildeşlerimiziň hakydasynda aýratyn orny eýeleýär. SSSR-iň sport ussady, halkara derejeli emin Lew Abramow bilen bilelikde güneşli ülkämize gelen küşt ýyldyzynyň türkmen topragyna gadam basan badyna meşhur türkmen küştçüsi Täşli Taýlyýewiň ýaşaýan ýerine – şol wagtky Aşgabat raýonynyň «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolhozyna gitmäge döwtalap bolmagy ýörite bellenilmäge mynasypdyr.

Şol wagt 82 ýaşda bolan Täşli aga bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşmagy Türkmenistana gelenindäki ilkinji borjy saýmagyny M. Botwinnigiň goja türkmen küştçüsine uly hormat-sarpa goýandygy bilen düşündirmek bolar.Mihail Botwinnik bilen Lew Abramow Diýarymyzda bir hepde bolup, jemi 209 döw oýnapdyrlar. Dünýäniň çempiony oýnan 86 döwüniň 79-synda ýeňiş gazanypdyr, 5-sini deňlikde tamamlapdyr, 2 döwde bolsa utulypdyr. Şol wagtky Nebitdag, häzirki Balkanabat şäherinde tehniki ylymlaryň kandidaty W. Koten hem-de N. Galiulin bilen oýnan döwlerinde asgyn gelendigini boýun almaly bolan küşt ussady Aşgabatda oýnan 61 döwüniň ýekejesinde hem ýeňilmändir.

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.