Dertlere derman buýan

14 Iýun 2024
43

Gözel tebigatymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň biri bolan buýan halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylyp gelinýär. Ýurdumyzyň çäginde onuň dört görnüşi duş gelip, olar özleriniň himiki düzüminiň, şypalylyk häsiýetleriniň ýokary derejededigi bilen tapawutlanýarlar. Buýanyň süýjüliginiň şekerden 40 esse ýokarydygy sebäpli, onuň köküniň diňe bir bejergi üçin däl, eýsem, konditer önümçiliginde hem giňden ulanylýandygyny bellemek gerek.

Bejeriş häsiýetleri boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabynda duran dermanlyk ösümlikleriň sanawynda öňdäki bäşlige girýän buýanyň köküniň şiresinden ýurdumyzda melhem çaýlarynyň öndürilýändigi, elbetde, hemmämize mälimdir.

Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.