Sagdynlygyň, sportuň hem dostlugyň baýramy

7 Iýun 2024
107

Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!» diýen dürdäne jümleler bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan eziz Diýarymyzda geçirilen giň gerimli hem-de baý mazmunly çäreleriň şaýady bolup, bu halkara senäniň ýurdumyzy şan-şöhrata besleýändigine, halkymyzyň durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýandygyna aňryýany bilen göz ýetirýärsiň.

Hawa, 3-nji iýunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Türkmen sporty».