"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Okgunly ösüşleriň röwşen ýoly

Şu gün şan-şöhrata beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň soňky güni. Ertir ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alynýan täze ýylyň ilkinji güni. Geçen bilen geljegiň arasynda durup, geçilen taryhy ýola nazar aýlamak ynsanda ýakymly duýgulary oýarýar. Biziň her birimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösüp, her ýylda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň taryha altyn harplar bilen ýazylýandygynyň şaýady bolýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere tarap barýar. Şu ýylyň şanly wakalary, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýetilen sepgitler hem bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak we döretmek ýolunda ilerleýän Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady berkeýär. Innowasion önümçilikleriň döredilmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşleriň aýdyň mysallarydyr. Şu ýyl Ahal hem-de Lebap welaýatlarynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Şahyryň şygyrlary — kalbymyzyň çyragy

Biz Täze, 2025-nji ýylyň öň ýanynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Bägül Ataýewa bilen duşuşyp, ondan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary arkaly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmek, öçmez-ýitmez eserlerini ebedileşdirmek boýunça döwlet hem-de halkara derejesinde amala aşyrylan tutumly medeni-ynsanperwer çäreler hem-de şu toýly ýylyň öz durmuşynda galdyran täsiri dogrusynda oý-pikirini beýan etmegini haýyş etdik. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda uly üstünliklere beslenip, taryha gidýän 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynda örän uly many bar. Çünki Magtymguly Pyragy bütin dünýä ýüzünde ykrar edilen beýik şahsyýet, ussat şahyr hem filosofdyr. Magtymguly atamyz öz döwrüniň hem-de ähli döwürleriň söz ussady, beýik akyldary bolmak bilen, eserlerinde bütin adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige çagyrypdyr.

Şatlyk paýlaýan Täze ýyl

Şu gün agzybir halkymyz döwletli ojagynda Täze ýyl baýramyny garşy alar. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky sanlyja sagatlar adamlaryň ruhuna has-da güýçli täsir edýär. Hemmeleriň biri-birine mähir bilen ýagşy dileg etmegi, arzuwlaryny aýtmagy göwnüňi göterýär. Täze 2025-nji ýyla uly umyt bilen garamaga mümkinçilik berýär. Täze sepgitlere gadam basmaga ruhlandyrýan täze ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu şadyýan baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň şowhuny barha artýar. Esasan hem, ýurdumyzda bolup geçen möhüm wakalaryň biri hem geçen hepdede Gyşky oýunlar sport toplumynda gurnalan daşary ýurt estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny bellemek bolar. Mundan başga-da, «Ylham» seýilgähinde, Döwlet sirkiniň öňünde we «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde türkmen ussat artistleriniň we aýdymçylarynyň özüne çekiji çykyşlary geçirilýär. Bu ýerlerde dürli zerler, owadan şarlar, enaýyja oýnawaçlar, gözel çyralar bilen bezelen arça baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar. Täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbaba bilen agtyjagy Garpamyk bolsa çagajyklaryň göwün şadyny has-da beýgeldýär.

Täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny

Ynsanyň arzuwlarynyň hasyl bolmagy täze arzuwlara badalga bolýar. Täze ýylda arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy üçin bolsa çaga wagtymyz Aýazbaba hat ýazýarys. Täze ýyl aklygyň, päkligiň nyşany bolup, her bir ynsanyň kalbynda ýagşy arzuwlary döredýär. Täze ýyl täze arzuw-umytlaryň hasyl boljak pursadydyr. Her bir ynsan kalbynda beslän arzuwlary bilen ýaşaýar. Täze ýyl ynsanlaryň iň söýgüli baýramçylygydyr. Ýetip gelýän 2025-nji ýylyň nyşany — ýylan. Ýylan ýylynda et we et önümlerinden taýýarlanan tagamlar bilen saçagy bezemeli. Ter gök önümler, şirinlikdir şerbetler, işdäaçarlar bilen bezelen Täze ýyl saçagy bolçulygyň nyşanydyr. Hünärmenleriň maslahat bermegi boýunça ýaşyl reňkli lybaslary geýmeli, gök, ýaşyl gaşly şaý-sepleri dakynmagy, şeýle-de Täze ýylyň ýetip gelýän pursady şadyýan bolmagy unutmaň!

Uzak möhletleýin döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrylar

Mälim bolşy ýaly, 18-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa bardy. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. 19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

«Mawy ýangyç» bökdençsiz ugradylýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty esasynda döwletimiziň gazçylary ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän «mawy ýangyjyň» içerki hem daşarky sarp edijilere bökdençsiz, ygtybarly akdyrylmagyny üpjün etmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň öňlerinde goýulýan bu möhüm wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçilerem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Baýlyk gory artdyrylýar

Gymmatly tebigy baýlygymyzy gazyp almak bilen birlikde onuň gorlarynyň üstüni doldurmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm işe ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň iş gerimi örän giň. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. — Golaýda Goturdepe käninde 1 müň 907-nji gözleg guýusyny burawlamagy üstünlikli tamamladyk. Şonda agzybir işgärlerimiz tarapyndan 3 müň 975 metr çuňluk burawlandy. Häzirki günlerde degişli hünärmenler işleriň tamamlaýjy tapgyryny ýerine ýetirýärler. Biz bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşýarys — diýip, buraw ussasy Magtym Mahmudow gürrüň berýär.

Ylmy-usuly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ylmy-usuly maslahat geçirildi. Nebitgaz toplumynyň arhiw işlerine usuly kömek bermek maksadynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi bilen bilelikde guran maslahatyna degişli toplumyň arhiwleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bölüminiň müdiri Azymmuhammet Ataýew, baş hünärmeni Anna Şabalina, uly ylmy işgäri Jennet Annaçaryýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň arhiw müdiri Laçyn Ýarmämmedowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň arhiwiniň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Oguljemal Gylyçdurdyýewa dagy çykyş etdi.

Guýulary özleşdirmegiň usullary

Nebitgaz senagatynda çendenaşa pes gatlak basyş we ýokary gatlak temperatura şertlerinde guýular burawlanandan we guýularda düýpli bejeriş işleri geçirilenden soň, önümli öýjüklik giňişliginiň hapalanan ýagdaýlarynda çuň gatlaklardan gazyň akymyny çagyrmakda we guýulary özleşdirmekde päsgelçilikler ýüze çykyp bilýär. Häzirki wagtda bu ýagdaýda guýulary özleşdirmegiň birnäçe usullary bar. Şeýle usullaryň biri ýokary basyşly kompressoryň ýa-da ýokary basyşly gazyň kömegi bilen suwuklygyň dykyzlygyny peseltmek we guýudan suwuklygy çykarmak boýunça guýulary özleşdirmek bolup durýar. Bu usulyň esasy kemçilikleriniň biri guýulary özleşdirmekde onuň netijeliliginiň pesligidir. Bu usuly diňe çuň bolmadyk guýularda ulanmak bolýar.

Aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy

«Haýsy ýurtda aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýurduň halky bagtyýardyr» diýlen aýtgy hut biziň ata Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hakynda aýdylan ýaly. Çar ýanda ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy abadan durmuşymyzyň waspyny giň jahana ýaýyp, göwünlerimize galkynyş, ýüreklerimize joşgun eçilýär. Ynsanyň sungata, edebiýata imrinmesi owalbaşda ruhunyň belentligi, şahsyýetiniň kämildigi hem-de öz durmuşyndan göwnühoşdugy bilen berk baglydyr. Çünki ylham diňe şeýle ajaýyp ahwally adamlara hemişelik hemra bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän döwlet derejeli döredijilik bäsleşikleri hem özboluşly ukyba eýe, aýratyn başarnykly, sungaty özüne ykbal saýlan täze-täze zehinleri ýüze çykarmakda edilýän tagallalardan gözbaş alýar. Onuň netijesinde bu gün milli aýdym-saz medeniýetimiz döwrebap öwüşginler bilen baýlaşyp, uly sahnalarda, şeýle-de dünýä derejeli dabaralarda diňlenmäge mynasyp sungat eserleri döreýär.

Aşgabat Täze ýyl baýramyny şatlyk bilen garşylaýar

Geçen hepdede ýurdumyzyň Baş arçasynyň dürli yşyklarda ýalkym saçmagy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbi öňküdenem nurlandy. Şu günler baş şäherimiziň agşamy hasam owadan. Hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga berlensoň, Baş arçamyzyň töweregi paýtagtlylaryň we onuň myhmanlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasyny her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirmek asylly däplerimiziň biridir. Bu ýerde giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, dürli öwüşgindäki yşyklarda ak mermerli Aşgabada nur saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Aýazbaba hökman geler, oglum!

(Hekaýa) Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýalkym saçdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Nebitgazçylaryň baýramy giň gerimde bellenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ilki bilen, B.Amanow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.

Nebitgazçylar döwlet sylagyna mynasyp boldular

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewe, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artist-wokalisti Kakageldi Hommadowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, döwlet sylagyna mynasyp bolan ýolbaşçylar, zähmetsöýer hünärmenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenil