"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Arkadag şäheri — geljegimiziň aýdyň nusgasy

Häzirki döwürde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda binýat bolan kämil sungat eseridir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmak maksady bilen, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Beýleki gurluşygy dowam edýän desgalar ýaly, bu kärhananyň gurluşygynda hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygy, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigi bellenildi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna üns çekildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy gatnaşyklaryň täze tapgyry

Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna sarpa goýup, ezelden olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Şeýle gymmatlyklar diňe bir türkmenleriň buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä halklarynyň ünsüni hem özüne çekipdir. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurt derejesinde asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýyllarboýy gazanylan netijeli hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasynda Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Şoňa laýyklykda, guramanyň sanawlaryna gadymy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary we beýleki taryhy şahslaryň eserlerini girizmegiň hem mynasypdygy bellenilýär. Şeýle-de ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bu abraýly guramanyň kafedralary hereket edýär.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

Saglyk — bu ynsanyň baş baýlygydyr. Saglygyny gorap saklamak hem-de berkitmek her bir adamyň öz elinde. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyz «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Saglyk — baýlyk», «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim» ýaly nakyllardyr atalar sözlerini döredipdirler. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny, belent başynyň asudalygyny gorap saklandygyny görkezýär. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle döwletli ýörelgeler Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly rowaçlyga eýe bolýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn sarpalanýar. Bu oňyn işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň mazmunynda aýdyň dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyz dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalarydyr ykrarnamalaryna hem mynasyp bolýar.

RAÝAT JEMGYÝETINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ KANUNÇYLYK ESASLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen bedew batly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda raýat jemgyýeti has-da kämilleşýär. Bilşimiz ýaly, raýat jemgyýeti ýoluna geçmekliginiň özboluşly ýoly bar. Onuň döremegi we ösmegi üçin ykdysady, syýasy, durmuş şertler zerurdyr. Raýat jemgyýeti hususy eýeçiligiň we bazar gatnaşyklarynyň bar ýerinde kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek, önümçilik pudaklarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär» diýlip berkidilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar.

DEMOKRATIK ESASLARDA GEÇIRILEN SAÝLAWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ol ýurtda syýasy ulgamyň kämilliginiň ölçeg terezisi hasaplanylýar. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir. Şu jähetden, ýurdumyzda saýlawçylar ses bermäge agzybirlik bilen işjeň gatnaşyp, mynasyp dalaşgäriň saýlanylmagy üçin uly goşant goşýarlar.

«ARKADAG» ÝYLDYZY – ÄLEM-JAHAN ŞUGLASY

«Aý dogsa, älem görer» diýleni! Halkyň bu hikmetli sözi täze taryhy döwrüň beýik gudraty hökmünde belent ykrara eýe bolan Arkadag şäheriniň mysalynda öz aýdyň güwäsini tapýar. Sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan döwrebap innowasiýaly Arkadag şäherinde bu günki gün bütin dünýäniň nazary eglenýär. Bu hakykaty sebitde ýeke-täk «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda şähere halkara güwänamalaryň we diplomlaryň 21-siniň gowşurylmagy hem tassyklaýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip toýlanmagy özboluşly mazmuna eýe boldy. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň hem-de teleskopyň we onuň düşüren suratynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy şanly ýylyň möhüm wakasy hökmünde täsirli pursatlara beslendi.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arzygül Agamyradowna Orazowa, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Halkyň bähbitlerinden ugur alyp Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanylyp, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek, şeýle-de, bu mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etdi. Şol gün hem paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurdumyza islegi barha artýar

Soňky döwürde Türkmenistanda operatorlar tarapyndan berilen daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk bukjalarynyň sany, takmynan, 50% ýokarlandy. Bu barada «Голос СНГ» neşiri habar berdi. Degişli ösüş 2018 — 2020-nji ýyllara görä hasaba alyndy. Esasan hem taryhy ýerele toparlaýyn syýahatlara isleg bildirilýär. Umuman aýdanyňda, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hünärmenleriniň netijesine görä, syýahatçylyk boýunça Türkmenistan uly mümkinçilige eýe sebit hökmünde häsiýetlendirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly ýerlere syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy hem muny subut edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Beýik Allatagaladan abadançylyk, bereket dileýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny hem-de ony giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylyk

Düýn — 30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Tährana iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. R.Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we mähirli gutlaglaryny ýetirdi.

Beýik özgertmeleriň ýoly bilen

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarydyr. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

R.J.HOJAGULYÝEW hakynda Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Halk maslahaty — halkyň jebisligi

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi aýratyn bellärliklidir. Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu ýokary wekilçilikli edara halkymyzyň taryhdan öz gözbaşyny alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeş etmek däbiniň aýdyň subutnamasydyr.