Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

31 Iýul 2024
178

Halkyň bähbitlerinden ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanylyp, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek, şeýle-de, bu mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etdi. Şol gün hem paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy.