Beýik özgertmeleriň ýoly bilen

30 Iýul 2024
137

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarydyr. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi.

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Ahal durmuşy».