DEMOKRATIK ESASLARDA GEÇIRILEN SAÝLAWLAR

31 Iýul 2024
152

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär.

Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ol ýurtda syýasy ulgamyň kämilliginiň ölçeg terezisi hasaplanylýar. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir. Şu jähetden, ýurdumyzda saýlawçylar ses bermäge agzybirlik bilen işjeň gatnaşyp, mynasyp dalaşgäriň saýlanylmagy üçin uly goşant goşýarlar.

Hekimberdi ÖWEZOW
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.